
Täzelikler
430

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň ukyp-başarnyklarynyň ösdürilmegi babatynda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň umumy bilim edaralarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmegi ýaş nesliň sözleýiş ukyplyklarynyň ösdürilmegine hem-de olaryň tebigy zehiniň açylmagyna uly ýardam edýär.
Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenen wezipelere laýyklykda, ýaş nesliň dürli bäsleşiklere sanly ulgam esasynda gatnaşmagy, ýurdumyzda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan dürli olimpiadalaryň yzygiderli geçirilmegi bu babatda milli bilim ulgamynda birnäçe tejribäniň gazanylandygyna şaýatlyk edýär. Şanly ýylyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkara çärelerine taýýarlyk görmek boýunça geçirýän hojalyk iş mejlisleriniň dowamynda berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilýän dürli bäsleşikler ýaş nesillerde hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetine, şanly ýylyň şygaryna hem-de onuň nyşanynda ýerleşdirilen gymmatlyklara bolan garaýşyny we düşünjesini ösdürmäge uly itergi berdi.
2025-nji ỳylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Çagalar parahatçylygyň wagyzçylary» atly döredijilik bäsleşigi hem ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Bu bäsleşige welaýatymyzyň umumy bilim edaralarynda bilim alýan okuwçylaryň birnäçesi özleriniň ýazan düzmelerini guramaçylyk toparyna ýolladylar. Bäsleşigiň esasy aýratynlygy onuň teleýaýlym arkaly ildeşlerimiziň ses bermegi esasynda utuklary gazanmak mümkinçiliginiň döredilmegidir. Bu bolsa ýaş zehinleriň, tebigy ukyplyklary bolan çagalaryň birnäçesiniň ýüze çykarylmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Döredijilik bäsleşigine 0530 belgä 440 sms ugratmak arkaly özüniň döredijilik işini Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 51-nji orta mekdebiniň 11-nji “Ä” synp okuwçysy Gözel Murzaýewa “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly temadan ýazan düzmesi bilen gatnaşdy. Mahabat müdirligi tarapyndan döredijilik işi kabul edilip, 0560 belgä okuwçynyň şahsy 48 kody iberildi we okuwçynyň şahsy kodyna ildeşlerimiz tarapyndan ýurdumyz boýunça 72 sagadyň dowamynda 6012 ses ýygnamak arkaly I orna mynasyp boldy. Bu gazanylan ynamly ýeňiş hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde welaýatymyzyň bilim ulgamy üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaş nesliň dürli bäsleşiklere gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge döredip berýän ajaýyp şertleri üçin welaýatymyzyň bagtyýar bilim işgärleri we okuwçylary özleriniň kalbyndan çykýan alkyşlaryny beýan edýärler. Halklaryň dost-doganlygy, dünýäniň parahatçylygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Kakamyrat Täjiýew
Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň
umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.