

Täzelikler
1322

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty tarapyndan geçirilen “Emeli aňyň binagärlik we dizaýn tehnologiýasyndaky orny hem-de taslama işinde ulanylyşy” atly okuw sapagyna gatnaşdylar.
Amaly mysallardan peýdalanyp, binagärlik taslamalarynda, içerki we daşarky dizaýnda, şäher gurşawyny sanly modellemekde we gurluşyk çözgütlerini optimizirlemekde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak mümkinçiligi jikme-jik öwrenildi.
Duşuşykda emeli aňyň binagärlik we gurluşyk pudagynda innowasiýa potensialynyň ösmegine täsiri we milli binagärlik däplerini häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalary bilen birleşdirmek baradaky pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy.