
Täzelikler
82

Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň okuw mekdeplerinde türkmen diliniň öwrenilmegini guramakda ýardam bermäge, munuň üçin mugallymlary we hünärmenleri ibermäge taýýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen sowal-jogap arkaly söhbetdeşliginde aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň bellemegine görä, munuň özi iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň geljegine maýa goýumlardyr, türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň aýdyň nyşanydyr.
Häzirki döwürde Hytaýyň bilim ojaklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 10 müňden gowragy okaýar. Türkmenistanyň 9 sany ýokary okuw mekdebinde, 10 sany orta mekdebinde hytaý dili öwrenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar örän möhüm we kesgitleýji orunlaryň birini eýeleýär. Çünki Türkmenistanyň hem, Hytaýyň hem döwlet gurluşy, özygtyýarlylygy, milli özboluşlylygy düýpli taryhy, ruhy we medeni köklere daýanýar.