
Täzelikler
158

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň matematika we informatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Myrat Janmyradow Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlarynyň Matematika guramasy tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 20-nji Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Matematika hünärlerinde okaýan 1–3-nji ýyl talyplarynyň arasynda geçirilen bu abraýly bäsleşige 10-dan gowrak ýurtdan 200-e golaý talyp gatnaşdy.
Bäsleşik ýaş matematikaçylaryň bilim derejesini, çuňňur pikirleniş ukybyny we döredijilikli çemeleşmesini äşgär etmekde möhüm meýdança boldy.
Çeşme: "Türkmen gündogary" gazeti