
Täzelikler
147

2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasy dabaraly ýagdaýda açyldy.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ylym-bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan meseleleriň biridir. Şunuň çäginde döredilen Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda, şeýle hem iki ýurduň arasynda tejribe alyşmagy ösdürmekde möhüm rol oýnajakdygy nygtaldy. Täze açylan okuw-ylmy merkezi döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde talyplar we ýaş alymlar üçin geologiýa, buraw işleri, gazhimiýa we maglumat ulgamlary boýunça hytaýly hünärmenleriň tejribesini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Umuman aýdanyňda, Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň işe girizilmegi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry bolup, iň täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagyna ýardam berer. Bu merkez “Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” hem-de “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)” ugurlary boýunça nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda,şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we hytaýly hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda möhüm binýady emele getirer.
Ähtnamanyň çäklerinde mugallymlaryň hünär ussatlygyny we pedagogik başarnyklaryny ýokarlandyrmak, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň durnukly ösüşini gazanmak, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek, şeýle hem bilim ulgamynda hünärmenleriň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 28-nji iýunyndan 7-nji iýuly aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 sany mugallymlary Hytaý Halk Respublikasynyň Sian we Çende şäherlerinde ýerleşýän Sian nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetinde “Gazylyp alynýan magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” hem-de “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)” ugurlaryna degişli hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler.
10 gün dowam edýän hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary üçin Sian nebit uniwersiteti hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda uniwersitetiň mugallymlary Sian nebit uniwersiteti hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti, onuň okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, muzeýleri bilen tanyşarlar. Mugallymlarymyz iş saparyň dowamynda Geologiýa muzeýlerine, “LONGi Green Energy Technology Co., Ltd.” kärhanasyna, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine baryp görerler.
Netijede, bu iş sapary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, kompaniýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ylym- bilim ulgamynda täze başlangyçlaryň ýola goýulmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşar.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti