SAGLYGY GORAÝYŞ, BILIM WE SPORT – KÄMIL JEMGYÝETIŇ KEPILI
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biri adamyň saglygyny goramak, ýaş nesliň bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak hemde köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmekden ybarat. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu üç ugurda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikler ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny barha ýokarlandyrýar.
10 – 12-nji oktýabry aralygynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň bu babatda ýeten belent derejesiniň netijelerini görkezýän giňişlikdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim, ylym ulgamyna, saglygy goraýyş pudagyna uly ähmiýet berilýär. Diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem dünýäniň birnäçe döwletleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen häzirki wagtda ýaş nesliň döwrebap derejede bilim gory pugtalanýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän döwrebap lukmançylyk merkezleri, şypahana binalary we ylmy-barlag institutlary guruldy. Saglygy goraýyş diňe bir keselleri bejermek däl, eýsem olaryň öňüni almak, köpçülikleýin sagaldyş çärelerini geçirmek bilen hem berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny, şol sanda milli dermanlyk ösümliklerini ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we derman önümçiliginde peýdalanmak saglygy goraýyş ylmynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda esasan Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli maglumata baý eserleri baş ýörelge bolup durýar.
Her ýylda geçirilmesi däbe öwrülen bu sergide ýurdumyzyň bilim, ylym, sport, saglyk ulgamynda gazanan üstünlikleriniň pawliýonlarynyň baý mazmuna eýe bolmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde ýeten belent sepgitleriniň buýsandyryjy netijesidir. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň pawilýonynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň görnüşlerine baý bolmagy häzirki wagtda ýokary okuw mekdebinde berilýän bilimiň, öwredilýän hünäriň kämil miwesidir. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren taslamalarynyň her biriniň naýbaşy eser derejesinde bolmagy we olary buýsanç bilen sergilemek, türkmen sungatynyň gorunyň artýandygynyň aýdyň kepilidir. Esasanda, eserleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän dizaýn taslamalary sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
Türkmen taryhyny, medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny açyp görkezýän sungat gymmatlyklarynyň jemlenen bu giňişligi muzeýiň belli bir bölegini synlaýan ýaly duýgyny oýarýar we tomaşaçynyň nazary türkmen ahalteke bedewiniň şekillerine eglenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany» ýylynda talyplardyr, halypa mugallymlar bedewleriň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde giňden wasp etmegi başardylar. Şeýle hem bu giňişlikde zergärçilik sungatyna degişli bolan sowgatlyk önümlerde tebigatymyzyň gözellikleri, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň görnüşleri bedew atyň keşbi bilen sazlaşýar. Elbetde bilimi döredijilik bilen utgaşdyrmak adamda ruhy taýdan durnuklylygy, zähmetsöýerligi hem-de maksada okgunlylygy kemala getirýär. Sungat äleminde döredijilik dünýäsini taraşlaýan ýaş nesliň eserlerinde bagtyýar döwrümiziň waspyny belentden ýetirmegi olaryň kämillik ýoluna ilkinji gadamlaryna ymtylmasyna ýol açýar. Şol ymtylma bolsa geljekki hünärmenleriň, sungat ussatlaryň ýüze çykmagyna döredilýän mümkinçilikleriň netijesidir.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi



















