“Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny” ýaşlara wagyz etmek maksady bilen “Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy” atly maslahaty geçirildi
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Hormatly Prezidentimiziň parastly baştutanlygynda täze taryhy döwürde gazanylýan ösüşleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň ähmiýetini, şeýle hem Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň wezipelerini, maksadyny, ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen “Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy” atly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň wekilleri hem gatnaşyp, täsirli çykyşlary bilen maslahatyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdylar. Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi



















