Türkmenistanda çaga gönükdirilen mekdebe çenli bilimi berkitmek boýunça amaly sapaklar geçirildi
ÝUNISEF we Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurtda çaga gönükdirilen mekdebe çenli bilimi berkitmek boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge dowam edýärler. Şu maksat bilen, oktýabr aýynyň 12 — 16-sy aralygynda Mary hem-de Aşgabat şäherlerinde mekdebe çenli bilim edaralarynyň terbiýeçilerini taýýarlamagy we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän amaly sapaklar hem-de maslahatlaşmalar geçirildi. Oýun we gözleg arkaly çaga gönükdirilen çemeleşmeleri ornaşdyrmaga gönükdirilen bu çärelere Bilim ministrliginiň, Milli bilim institutynyň wekilleri, welaýat hem-de etrap hünärmenleri we terbiýeçiler gatnaşdylar.
Mary şäherinde geçirilen çäreleriň çäklerinde ÝUNISEF-iň halkara hünärmeni Kristian Fabbi milli toparyň agzalary bilen bilelikde tejribe mekdebe çenli bilim edaralaryna bardy. Myhmanlar irki ýaşly çagalary okatmakda oýun we gözleg çemeleşmeleriniň ulanylyşyna gözegçilik edip, amaly sapaklara gatnaşdylar. Şeýle hem 35 töweregi hünärmen we terbiýeçi üçin aň-bilim, emosional ösüş ham-da döredijiligi kämilleşdirmäge gönükdirilen amaly okuw guraldy. Onda amatly bilim gurşawynyň hem-de pedagogik synlamalaryň her bir çaganyň özboluşly zerurlyklaryny göz öňünde tutmaga nähili kömek edýändigi barada giňişleýin durulyp geçildi.
Aşgabatdaky iki günlük amaly sapak bolsa mekdebe çenli bilim edaralarynyň mugallymlaryny taýýarlamak boýunça täze usuly gollanmalary we amaly gurallary seretmäge hem-de tassyklamaga bagyşlandy. Gatnaşyjylar psixologiýa we pedagogika boýunça taýýarlanan bu täze materiallary geljekki hem-de häzirki zähmet çekýän terbiýeçileriň okuw maksatnamalaryna girizmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žanar Sagimbaýewa bu barada bellep geçmek bilen, ýokary hilli mekdebe çenli bilimiň irki ýaşly çagalaryň ösüş aýratynlyklaryna gowy düşünýän hünärmenlerden başlanýandygyny aýtdy. Ol çaga gönükdirilen oýun çemeleşmeleriniň we hünär ösüşi ulgamynyň berkitilmeginiň her bir çaganyň doly derejede ösüp biljek inklyuziw gurşawyny döretmäge kömek etjekdigini nygtady.
Tassyklanan täze okuw-usuly materiallar Bilim ministrliginiň mekdebe çenli bilim ulgamyndaky başlangyçlaryny goldap, bütin ýurt boýunça irki ýaşly çagalaryň geljekki bilimi we ösüşi üçin berk binýat döretmäge uly goşant goşar.



















