Türkmen alabaýynyň baýramynda döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglanyldy
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 25-nji oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen dabaralaryň çäklerinde türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda hem-de teleýaýlym taslamalarynda çeper beýan etmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Bäsleşige suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň gatnaşyp, türkmen alabaýynyň milli miras hökmünde ähmiýetini açyp görkezýän döredijilik işleri hödürlendi. Eminler toparynyň çözgüdi bilen dürli ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlenildi.
Halyçylyk ugry boýunça «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi A.Gulberdiýew «Türkmen alabaýy» atly haly eseri bilen birinji orna mynasyp boldy. Surat eserleri ugry boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň teatr-bezeg nakgaşçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby S.Osmanowyň «Miras» atly nakgaşlyk eseri ýeňiji diýlip yglan edildi.
Heýkeltaraşlyk ugry boýunça Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby B.Batyrowanyň «Alabaýyň waspy» atly işi ýokary baha mynasyp boldy. Neşir önümleri ugry boýunça şol akademiýanyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň talyby Y.Ýaýlimow türkmen alabaýynyň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümini taýýarlandygy üçin ýeňiji boldy.
Teleoperatorlaryň taýýarlan wideoişleriniň arasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy N.Orazgeldiýewiň «Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinolog hünärmenleriň taýýarlanylyşy» atly wideoşekilleri tapawutlanyp, ýeňiji diýlip yglan edildi.
Bäsleşikleriň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Bu dabaralar türkmen alabaýynyň taryhy-medeni ähmiýetini, onuň milli gymmatlyk hökmünde dünýäde wagyz edilmegindäki ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezdi.



















