Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 26-syna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäresi Geňeşiniň alyp barýan işine uly ähmiýet berýär hem-de onuň maksatlaryny we ýörelgelerini yzygiderli goldaýar» diýen başlangyçlaryndan ugur alyp, «Döwlet dolandyryşy – ösüşiň we kämilligiň ýoly» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet dolandyryş ulgamynda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler hem-de jemgyýetiň ösüşinde döwlet dolandyryşynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyşlarda döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde alyp barýan işleri, şeýle hem Türkmenistanyň halkara guramalary bilen gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ýurdumyzyň ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna goşýan goşandy aýratyn nygtaldy.Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda talyp ýaşlara döwlet dolandyryşynyň esasy ýörelgeleri, kanunçylygy berjaý etmegiň, jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmagyň we Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagyň ähmiýeti barada düşündirildi. Şeýle hem ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we milli gymmatlyklara hormat goýmak ruhunda terbiýelemek meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty



















