Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýeti Portugaliýada inklýuziw bilimiň öňdebaryjy tejribesini öwrendi
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherine amala aşyran tanyşlyk saparyny üstünlikli tamamlady. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda geçirilen inklýuziw bilim we maýyplygy bar bolan adamlary, şol sanda saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary goldamaklygyň integrirlenen ulgamy boýunça halkara tejribäni öwrenmäge gönükdirildi.
Portugaliýa maýyplygy bolan adamlar, şol sanda çagalar üçin adam hukuklaryna esaslanýan hemmeteraplaýyn inklýuziw gurşawly, döwrebaplaşdyrylan bilim ulgamly, bu babatda öňdebaryjy tejribeli ýurt hökmünde giňden tanalyp, ýurduň inklýuziw bilim ulgamy halkara etalon hasaplanylýar.
Portugaliýa döwletine tanyşlyk saparynyň dowamynda türkmen hünärmenleri inklýuziw bilim we maýyplygy bar bolan adamlary goldamaklygyň integrirlenen inklýuziw gurşawy babatda ýurtda toplanan oňyn tejribeler, amaly çemeleşmeler hem-de utgaşdyrylan hyzmatlar ulgamy bilen ýakyndan tanyşdylar.
Bilim ulgamynyň wekilleri Lissabon şäherinde hereket edýän bilim ulgamynyň dürli basgançaklaryna degişli öňdebaryjy bilim edaralaryna, maýyplygy bolan adamlara utgaşdyrylan hyzmatlary hödürleýän ýöriteleşdirilen okuw merkezlerine baryp gördüler. Saparyň dowamynda multidissiplinar toparlaryň (pedagoglar, psihologlar, logopedler) işini guramak, aýratyn bilim zerurlyklary bolan çagalar üçin endikleri hem-de başarnyklary ösdürmäge niýetlenen özbaşdak okuw meýilnamalaryny taýýarlamak we bilim edaralarynyň fiziki gurşawyny çagalara uýgunlaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça giňişleýin tejribe alşyldy. Synp otaglarynda multidissiplinar goldawyň guralyşy we munuň çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyndaky amaly täsiri aýratyn synlandy, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda adam hukuklaryna we çagalaryň bähbitlerine esaslanýan çemeleşmeleri goldanyp, halkara hukuk borçnamalaryna esaslanýan milli kanunçylyk namalarymyza laýyklykda, bilim ulgamynda deňligi, her bir çaganyň elýeterli, adalatly we ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan köptaraplaýyn ulgamlaýyn işler barada pikir alşyldy.
Portugaliýa döwletine amala aşyrylan bu tanyşlyk sapary ýurdumyzda inklýuziw bilimi ösdürmekde, bu babatda pedagogik usulyýetleri kämilleşdirmekde, dürli ulgamlaryň sazlaşykly hereketiniň netijesinde saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin niýetlenen döwrebap hyzmatlaryň giň toplumyny döretmekde, mekdebe çenli we umumybilim berýän mekdeplerde inklýuziw gurşawy has-da güýçlendirmekde möhüm amaly binýat bolar.
Milli bilim ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde bilim almagyny üpjün etmek, her bir çaganyň deňhukukly ösüşine goldaw bermek ugrundaky yzygiderli tagallalary, bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, oňyn öňdebaryjy tejribeleri bilim ulgamyna ornaşdyrmakda, ýokary hilli bilimi üpjün etmekde bilim ulgamynda ýetilýän sepgitleri dünýä ýaýmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çuňňur hoşallyk bildirýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Bilim ministrligi



















