ÄHLI ÇAGALAR ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIKLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda innowasion özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemegi we ähli çagalar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uly tagallasy bilen Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzyň merkezlerinde açylyp ulanmaga berlen saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda okatmagyň häzirki zaman usullarynyň kömegi hem-de çaga oýunlarynyň üsti bilen çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Pedagogik işgärler saglyk ulgamynyň işgärleri bilen bilelikde bedenterbiýe maşklaryny hem-de milli oýunlary guramak arkaly çagalaryň beden gurluşyny berkidýärler, saglygyny dikeldýärler, bilime elýeterliligini we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagyny ýeňilleşdirýän kömekçi enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün edip, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli bolan çagalary işjeň goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli bolan çagalar üçin niýetlenen ýörite okuw kitaplarynyň ilkinji gezek neşir edilmegi olar barada edilýän möhüm işleriň güwäsidir.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň I synpy üçinýöriteleşdirilen okuw kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Ol hem “Iňlis dili I” (awtorlary: A.Gurbanow, M.Allahwerdowa, O.Pirnepesowa) okuw kitabydyr. Bu okuw kitabyny taýýarlamak bilen baglanyşykly möhüm işe Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň kör we çala görýän bölüminiň tejribeli mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar.
Bu okuw kitaby çagalaryň görüş-kabul ediş aýratynlyklary nazara alnyp taýýarlanyldy. Olarda iri şriftler, ýokary kontrastly bezegler, ýörite duýujy elementler hem-de uýgunlaşdyrylan şekiller ulanylyp, okuwçylaryň okamak, ýazmak we sanamak endiklerini netijeli özleşdirmegine giň mümkinçilik döredilýär. Şeýle hem okuw kitabyny taýýarlamak işinde adaptasiýalaşdyrylan pedagogika ugrunyň hünärmenleri, dizaýnerler we maglumat elýeterliligi boýunça bilermenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp baryldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi



















