Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde howanyň üýtgemegine bagyşlanan maslahat geçirildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň nobatdaky mejlisinde (COP31) öňe süren halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini talyp ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler barada çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň sebitde we dünýä derejesinde ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki öňdebaryjy orny, şeýle hem COP31-iň çäklerinde öňe sürlen möhüm başlangyçlaryň ählumumy durnukly ösüş üçin ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Çäräniň esasy temasy bolan «Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasy» boýunça taýýarlanan taslamalar we maglumatlar diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi. Talyplar sanly tehnologiýalaryň hem-de geografik maglumat ulgamlarynyň (GIS) kömegi arkaly daşky gurşawa edilýän täsirleri seljermegiň, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, şeýle hem tebigy hadysalary öňünden çaklamagyň döwrebap usullary barada pikir alyşdylar.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak we innowasion tehnologiýalary daşky gurşawy goramak işine ornaşdyrmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti



















