Talyplarymyzyň üstünlikleri
Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ galkynyşy döwrüniñ "Garașsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyñ mekany" ýylynda ýurdumyzyñ beýleki ugurlary bilen bir hatarda sport ulgamyny ösdürmäge, sagdyn bedenli, giñ dünýägaraýyşly ýașlary kemala gelmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ ýolbaşçylygynda uly tutumly ișler amala aşyrylýar.
2026-njy ýylyñ 16-18-nji noýabry aralygynda "Türkmenistan - sagdynlygyñ we ruhubelentligiñ ýurdy" atly XVI uniwersiadanyň çäklerinde ýurdumyzyñ ýokary okuw mekdepleriniñ talyplarynyñ arasynda sportuň erkin göreș görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimiziñ talyp-türgenleri üstünlikli çykyş edip toparlaýyn baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.
1. 57 kg - Atayew Kemal 3-nji orun
2. 70 kg - Begenjow Begenç 3-nji orun
3. 74 kg - Çarygulyyew Eziz 2-nji orun
4. 79 kg - Annaýew Didar 3-nji orun
5. 79 kg - Atayew Parahat 3-nji orun
6. 86 kg - Poladow Serdar 3-nji orun
7. 86 kg - Esenow Ali 2-nji orun
8. 92 kg - Hojalyyew Orazmuhammet 2-nji orun
9. 125 kg - Musagulyyew Süleyman 1-nji orun
Her bir ugurdaky yhlas siňdirilip amala aşyrylýan ișleriñ sakasynda durup, olara ruhy ganat berýän Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly ișleri rowaçlyklara beslensin.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti



















