Türkmenistanda taryhy-medeni mirasy öwrenmek we gorap saklamak boýunça tejribe ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen döwlet medeniýet institutynda 24-nji noýabrda «Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmekde we gorap saklamakda toplanan tejribe» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata taryhy-medeni mirasy goramak, öwrenmek we wagyz etmek bilen meşgullanýan ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşyp, bu ugurdaky alnyp barylýan işler we geljekki wezipeler boýunça pikir alyşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň dünýäniň gadymy siwilizasiýalarynyň kemala gelen merkezleriniň biri hökmünde taryhy-medeni mirasynyň baýlygy bilen tapawutlanýandygy bellenildi. Ýurdumyzda geçirilýän arheologik gözlegleriň netijesinde toplanýan täze ylmy maglumatlaryň türkmen halkynyň taryhyny has çuňňur öwrenmäge, gadymy şäherleriň we ýaşaýyş merkezleriniň ösüş aýratynlyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilik berýändigi nygtaldy.
Maslahatda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän arheologik ýadygärliklerde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işlerine, tapylan maddy gymmatlyklaryň ylmy taýdan öwrenilmegine aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde taryhy mirasy gorap saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Türkmenistanda taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmekde halkara hyzmatdaşlyga hem möhüm orun berilýär. Daşary ýurtly alymlar we ylmy merkezler bilen bilelikde geçirilýän gözlegler ýurdumyzyň gadymy döwürleriniň tebigy gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri hem-de medeni ösüş aýratynlyklary barada täze maglumatlary almaga ýardam edýär. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komiteti bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Munuň netijesinde Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary hem-de «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» ýaly taryhy-medeni desgalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.



















