
Статьи
579

Dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bagtyýar nesillerimiziň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary hem öz goşantlaryny goşýar. Ýakynda hem Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sagdyn nesil ─ bagtly geljek» diýen at bilen aýdym-sazly sport çäresi geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen etrap häkimligi bilelikde gurady.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşan çagalar sportuň dürli görnüşleri hem-de surat çekmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem bu ýerde çagalar eziz Diýarymyzyň, gözel tebigatymyzyň waspyny ýetirýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Uly ruhubelentlikde geçen çäräniň dowamynda oňa gatnaşan çagalaryň ählisine TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde dynç alýan çagalar özleri üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Altyn DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni