
Статьи
3198

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär. Milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar, giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanly bilimi has-da ösdürmek maksady bilen, düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylyň birinji ýarymy ýurdumyz we halkymyz üçin taryhy ähmiýetli buýsançly hem-de guwançly wakalara baý boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nurana geljegimiziň eýeleri boljak bagtyýar nesilleriň berk bedenli, aň-bilim taýdan ösmegi we milli ruhda terbiýelenmegi üçin ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilimli, terbiýeli, maksada okgunly nesil kemala gelýär. Ylym, bilim kämilligiň berk binýady bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bilimli, ylymly ýaşlary kemala getirmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Ylym-bilim ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalyp, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar, bilim özgertmeleri rowaçlanýar. Ýaş nesillerimize sport bilen meşgullanmaga giňden ýol açmak, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň Kubogyna mynasyp bolmagy, ýaş türkmenistanlylaryň küşt boýunça halkara ýaryşda umumy medal hasabynda birinji orny eýelemegi, Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi guwandyryjy wakalardyr.
Eziz Watanymyzyň her bir güni il-ýurt bähbitli ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy hem şeýle şanly wakalaryň biri bolar. Çünki täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly belleniler. Şeýle hem ýurdumyzda şol gün häzirki zaman enjamlary, multimedia tilsimatlary bilen üpjün edilen täze orta mekdepleridir beýleki bilim edaralary ýaşlar üçin gapylaryny giňden açar. Ilkinji sapakda bilim almak barada söhbet guralanda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany esasynda ýaşlaryň taýýarlan çykyşlary görkezilse, okuw sapagynyň täsirliligi has-da artar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýändigi, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýandygy barada ösüp barýan ýaş nesillere düşündirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler türkmen halkynda buýsanç döredýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «2025 — 2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ilkinji okuw sapagyny guramaçylykly geçirmek hakynda» buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň bilim edaralarynda 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen geçiriler. Bu şatlykly günde özüniň döwrebaplygy we häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylyşy boýunça dünýäde ykrar edilen Arkadag şäherindäki ýokary derejede bilim berýän mekdepler hem özüniň işe başlamagynyň iki ýyllyk toýuny toýlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli Gutlagynda şeýle belleýär: «Biz geljekde hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen ägirt uly işleri durmuşa geçireris». Uly dabaralara beslenjek täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri mekdep okuwçylaryna we talyp ýaşlara ýetirmek olarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza çäksiz buýsanjy döreder.
Bilim edaralarynyň ýolbaşçylary ilkinji okuw sapagynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini we onuň bildirilýän talaplara laýyklykda guralmagyny gazanmak maksady bilen, öňdebaryjy hem-de kärdeşleriniň arasynda uly hormata eýe bolan bilim işgärleriniň baý iş tejribesinden peýdalanmalydyr.
2025 — 2026-njy okuw ýylynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen geçirilýän ilkinji okuw sapagynyň ýokary derejede bolmagy üçin her bir bilim işgäri döredijilikli çemeleşip, özüniň ukyp-başarnygyny görkezmelidir. Sapakda ulanyljak okuw-görkezme esbaplary, goşmaça maglumat we multimedia serişdeleri öňünden taýýarlanylyp, okuw otaglary döwrebap enjamlaşdyrylmalydyr. Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda şeýle belleýär: «Gadymy döwrüň alymlarynyň işlerini okanymda, käte şular hakynda pikirlenýärin. Horezmi, Biruny, ibn Sina, Faraby, Omar Haýýam her bir ugurdan hem döwrüniň ruhuny duýan, şonuň esasynda hem, paýhasyny kemala getirmäge gönüden-göni gatnaşan beýik şahsyýetler diýip, olaryň köptaraplaýyn ylmynyň syrlaryna düşünmäge hyýal edýärin. Adam bolmagy alym bolmakdan hem müşgillik edip goýan ata-babalarymyzyň şol beýik şahsyýetlere «akyldar» diýmeginiň, şol «akyldarlaryň» bolsa, asyrlaryň synagynda synman, gaýtam ýüzüni açýanlygynyň haýran galdyryjylygy meni gaýta oýlandyrýar. Onsoň, özümçe, olaryň pikirden, pähimden many almaga ussat bolup parhlanandyklaryny ilki ykrar edýärin». Şu parasatly sözlerden ugur alyp, her bir bilim işgäri Gündogaryň danalarynyň, munuň üstesine-de bu günki gün türkmen Tuguny Älem giňişliginde parladan Türkmenistanyň Gahrymany tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenkonyň hem öz ildeşimiz bolmak bilen, onuň kärini dowam etdirijileriň öz okadýan okuwçylarynyň arasynda bolmagynyň mümkindigini ýatdan çykarmaly däldir. Munuň üçin geljekki alymlardyr kosmonawtlaryň döremegini arzuwlap, okuwçylardyr talyplaryň ýerine ýetirmeginde Gündogaryň danalarynyň we kosmonawtlaryň durmuş ýoly barada söhbet guralsa täsirli bolar.
Ilkinji okuw sapagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryndan ýerlikli peýdalanmaly. Şeýle hem bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji, terbiýeli ýaş nesli yhlasly okamaga gönükdirmelidir.
Her bir bilim işgäriniň wezipesi bilimli, terbiýeli, Watanyna, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlary okadyp, terbiýeläp ýetişdirmekdir. Munuň üçin ilkinji okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky parasatly sözler esasynda giňişleýin söhbet etmek uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda şeýle belleýär: «Megerem, Magtymguly türkmen halkynyň geçen ýa-da şu wagtky müňýyllygynyň döwletli nesibesidir. Pygamber paýhasyny özüne ýol edinen ol ägirt är, Görogly gaýratly gerçek diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, ähli adamzadyň bagtly paýydyr, döwletli nesibesidir». Şu parasatly sözlerden ugur alyp, ilkinji okuw sapagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hakynda söhbetler guramak maksadalaýyk bolar.
Şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu abraýly halkara gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilip, onuň esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä bileleşigi tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmeginde uly many bar. Çünki hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy halkara derejesinde uly dabaralara beslenip toýlanjak hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz üçin uly üstünliklere beslenen ýyllaryň biri hökmünde taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylar. Gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde parahatçylygy, ynanyşmagy, ählumumy abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli, taryhy ähmiýetli işleriň bitirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyl dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi, şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi guwandyryjy netijelerdir.
Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Muny hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa sapary hem aýdyň beýan edýär. Çünki bu iş saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi buýsandyryjy şanly wakadyr.
Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Siz Watanymyzyň beýik geljegini gurýan nesillersiňiz. Il-günümiziň hem-de bütin adamzadyň bagtyýarlygyna gönükdirilen belent maksatlarymyza ýetmekde size aýratyn bil baglaýarys. Şoňa görä-de, siz durmuş ýoluňyzdaky indiki täze ädimlere has aýgytly we ruhubelentlik bilen gadam basmalysyňyz, eziz Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidi ugrunda okamak, döretmek arkaly hemişe öňe gitmelisiňiz. Siz gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan milli ýörelgelerimizden, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribelerimizden ugur alyp, eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza bolan beýik söýgiňiz bilen berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelisiňiz».
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu parasatly sözleri ähli watandaşlarymyz bilen birlikde ösüp gelýän ýaş nesilleriň kalbynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza buýsanç duýgusyny joşdurýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we bilim geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de ähli ösüşlerimiziň binýadyny düzýär. Biz bu gymmatly baýlygymyz arkaly Garaşsyz Watanymyzyň geljegini gurýarys. Şoňa görä-de, biz geljekde hem ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, başarjaň, maksada okgunly nesilleri terbiýelemek üçin ähli tagallalary ederis» diýen, pähim-paýhasa ýugrulan sözleri milli bilim ulgamynyň ähli işgärlerini täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar.
Ilkinji okuw sapagynda ýurdumyzyň dünýädäki abraýy, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgeleri hakynda beýan edilmelidir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada aýdylyp, ilkinji okuw sapagy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyny okuwçylaryň we talyplaryň labyzly okamagy bilen jemlenilse maksadalaýyk bolar.
Hormatly bilim işgärleri, okuwçylar we talyplar! Sanlyja günden başlanjak 2025 — 2026-njy okuw ýyly düşümli bolsun!
Ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Türkmenistanyň Milli bilim instituty.