
Статьи
1331

Başlangyç synpda türkmen dili sapagynda okuwçylara atlar öwredilýär. Atlaryň iki hili bolýandygyny, olara: has atlar we jyns atlar diýilýändigini aýdýaryn. Sapakda has atlaryň kesgitlemesini multimedia tagtasynda ýerleşdirýäris. Şunda okuwçylaryň okuw kitabyndan peýdalanmaklaryny hem üpjün edýäris. Sapakda okuwçylara has atlar diýlip nämä aýdylýandygyny düşündirýäris.
Adamlara, obalara, şäherlere, daglara, derýalara, haýwanlara dakylýan atlara has atlar diýilýändigini aýdýarys.
Has atlarynyň ýazuw kadasy hakynda hem beýan etmek bilen, okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrýarys. Esasan hem, ýazuw kadalara laýyklykda has atlaryň baş harp bilen ýazylýandygyny okuwçylara düşündirýäris. Meselem: Aşgabat, Sarahs, Mary, Meret.
Eger-de goşma has atlar bolsa, onda olar goşulyp ýazylýar:
Meselem: Gökdepe, Balkanabat, Türkmenabat.
Getirilýän mysallary multimedia tagtasynda görkezýäris hem-de okuwçylar bilen bilelikde okaýarys. Okuwçylaryň düşünjesini baýlaşdyrmak maksady bilen sowal-jogaplar alyşýarys:
Näme üçin sözler baş harp bilen ýazyldy?
Näme üçin «Balkanabat» sözi goşulyp ýazyldy?
Şeýle hem başlangyç synp okuwçylaryna atlaryň san bilen, ýöňkeme bilen, düşüm bilen üýtgeýşi barada gürrüň berýäris. Atlaryň manylary boýunça hem bölünýändigini okuwçylaryň aňyna ýetirýäris. Bulardan: «okuwçy» diýen sözüň adamy, «goýun» sözüniň haýwany, «ýorunja» sözüniň bolsa ösümligi aňladýandygyny düşündirýäris.
Okuwçylara birlik we köplük sany aňladýan atlaryň hem bardygyny multimedia tagtasynda görkezýäris. Multimedia tagtasynda -lar, -ler goşulmasyny kabul etmedik atlaryň birlik sany aňladýandygyny, şu goşulmalary kabul eden atlaryň bolsa köplük sany aňladýandygyny düşündirýäris. «Ene, kitap, çaga» diýen sözleriň birlik sany, «Eneler, kitaplar, çagalar» diýen sözleriň bolsa köplük sany aňladýandygyny görkezýäris.
Sapagyň ahyrynda öýe ýumuş tabşyrýarys we has atlaryň kesgitlemesini öwrenmegi, has atlara degişli sözleri depderlerine ýazmagy ýatladýarys.
Gülşat MÄMMEDOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.