
Статьи
498

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde Milli goşunymyzyň harby gullukçylary hatara düzüldiler. Olaryň arasynda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary, harby okuwçylar hem bar.
Dabaraly pursat ýetip geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münberiň syn ediş ýerine bardy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde harby sazlar ýaňlandy. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübäreklediler. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen badalga aldy. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň abadan, parahat durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran merdana harby gullukçylaryň ýokary hünär ussatlygy, ukyp-başarnyklary görkezildi.
Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz dabara başlamaga rugsat berdi.
Dabaraly harby ýörişiň ýöriş sazlaryny ýerine ýetiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna döredilen aýdym dabaraly harby ýörişiň jemlenmesine öwrüldi.
Soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabara dowam etdi. Ol döwrebap telekommunikasiýa serişdeleri we aragatnaşyk ulgamlary arkaly göni ýaýlymda köpçülige ýetirildi.
Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardylar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligine gözellik goşýar. 2022-nji ýylda doglan Zaman atly akýal mele reňkli bu ajaýyp bedew Gurthatar we Yşgyn diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen Gelşikliniň ugruna degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi.
Soňra ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de BMG-niň baýdagy buýsançly parlaýan türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlandy. Soňra meýdançadan diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da uly şöhrata eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary geçdi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri dowam etdiler. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag platformasy geçdi.
Soňra kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy meýdança çykdy.
Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulag platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçdi.
Soňra dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi.
Hormatly Prezidentimizi hem-de dabaranyň köp sanly myhmanlaryny awtoulag platformalarynda barýan ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri mübäreklediler. Joşgunly aýdym-sazlar, asmana uçurylan köpöwüşginli şarlar adamlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi.
Döwlet münberiniň öňündäki meýdançadan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler geçdiler.
Soňra Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçdiler.
Baýramçylyk ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdiler.
Soňra baýramçylyk meýdançasyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işgärleri dabaraly ýagdaýda geçdiler.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň platformasynda, Energetika ministrliginiň awtoulag platformasynda ýetilen sepgitler öz beýanyny tapdy. Soňra dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi.
Meýdança Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki döwürde ulag-kommunikasiýa toplumyny maksatnamalaýyn esasda ösdürmek, halk hojalyk ýükleriniň daşalmagyny kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Baýramçylyk meýdançasyndan topluma degişli edara-kärhanalaryň işgärleri we bezelen awtoulag platformalary geçdiler.
Soňra Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň işgärleri we awtoulag platformalary, maliýe we ykdysadyýet toplumyna wekilçilik edýän awtoulag platformalary geçdi.
Oba hojalyk we azyk senagaty ulgamyna degişli pudaklaýyn düzümleriň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary we işgärleri dabaraly ýörişi dowam etdiler.
Dabara medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi. Dabaranyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi bilen gutlady we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Paýtagtymyzda badalga alan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam edip, ildeşlerimiziň kalbyny baýramçylyk şatlygy hem-de buýsanç duýgulary bilen doldurdy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralar agşam «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Baýramçylyk feýerwerki Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaralaryň özboluşly jemlenmesine öwrülip, Aşgabadyň gijeki asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
«Mugallymlar gazeti».