
Статьи
600

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha belent sepgitlere ýetýär. Ylym-bilim ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri okatmagyň iň döwrebap ugurlaryny durmuşa geçirmek bolup durýar. Şunda sanly ulgamyň mümkinçilikleri, kompýuter tehnologiýalary möhümdir. Ýurdumyzda häzirki döwürde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlar we okuw-tehniki serişdeler bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriň täze binalarynyň onlarçasy gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi ýaş nesiller barada edilýän aladalardan nyşandyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, bäsleşige ukyply şahsyýeti kemala getirmek wezipeleri durýar. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» ähmiýeti uludyr. Konsepsiýanyň esasynda okuw işini nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek bilen bagly işlere uly orun berilýär.
Ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak we ýaşlarda ylma höwes döretmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmagy üçin professor-mugallymlar halypalyk edýärler, nesil terbiýesi bilen bagly toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýärler. Şunda mugallymlaryň baş maksady ylmy maglumatlar bilen üpjün etmek, täze açyşlar, ylmyň gazananlary barada düşündirmek bolup durýar. Umuman, bilim ulgamynda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň aň-düşünjesiniň giňemegine, kämil hünärmenleriň, ýaş alymlaryň kemala gelmegine täsir edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimde döredilýän mümkinçilikler bilim işgärlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
Gülnabat ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.