
Статьи
543

Belent üstünlikleri we geljekki ösüşleri nazarlaýan bilim özgertmeleri barha ýaýbaňlandyrylyp, ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, beden we ruhy taýdan kadaly ösmegi, bilimiň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly maksatnamalaýyn işleriň gerimi has-da giňelýär. Ýurdumyzda ýaş nesil hakynda edilýän uly aladalaryň netijesi bilim özgertmeleriniň rowaçlanmagyny üpjün edýär. Ýaş nesle dünýä tejribesiniň ýokary gazananlaryna laýyk bilim öwredilmegi, ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň açylyp, dünýägaraýyşlarynyň giňemegine şert döredýär.
Bilim özgertmeleriniň oňyn netijeleri ýurdumyzyň öňe barýan ýolundaky esasy daýanjy bolup durýar. Ylmy esasda uzak möhletleýin maksatnamalar we meýilnamalar bilen baglanyşykly täze özgertmeler durmuşymyzyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylýar. Bu ulgamda innowasiýalary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar, dünýä tejribesiniň, ylmyň täze gazananlarynyň mümkinçilikleri hem çuňňur öwrenilýär. Häzirki wagtda okatmagyň, bilim öwretmegiň hiline aýratyn üns berlip, tehnologiýa täzelikleri, bu ugurlardaky oňyn tejribeler mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde giňden ornaşdyrylýar. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» wezipeleri tapgyrma-tapgyr alnyp barylýar. Ylmyň, bilimiň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyz asylly ýörelgelere eýerip, geljekki täze üstünlikleri nazarlaýar. Merdana halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlary babatdaky oňyn özgertmeler — nesil terbiýesiniň döwrebaplaşdyrylmagy, ýaşlaryň ylym-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar.
Häzirki döwürde durmuş çalt depginler bilen özgerýär, dünýäniň bilim ulgamy innowasiýa ösüşlerine eýe bolýar. Bilim bermegiň maglumat, elektron okuw-usuly gurluşlar bilen bagly dürli-dürli mümkinçilikleri peýda bolýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron göterijidäki maglumatlar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we başgalar) esasynda kämilleşdirmek häzirki zaman bilim ulgamynyň öňündäki esasy wezipeler bolup durýar.
Sanly bilimiň ösdürilmegi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylyş gerimini has-da giňeldýär. Häzirki barha çalt depginler bilen özgerýän dünýäde bilim ulgamynyň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmak döwrebap ýörelgedir.
Sanly bilim ulgamyny emele getirýän maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy — bu ýörite programmaly tehniki serişde bolup, gurluş, mikroprosessor gorunda, hasaplaýyş tehnikasynda, şonuň ýaly-da, häzirki zaman serişdelerinde maglumaty äkidiji ulgamlar, maglumaty alyşmak, ýygnalan maglumat boýunça hyzmatlar bilen üpjün etmek, maglumaty saklamak, gaýtadan işlemek, maglumaty bermek we kompýuter torundaky maglumat gorlarynyň elýeterliligi, globallygy we beýlekiler degişlidir. Soňky ýyllarda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ösýär. Şeýle tehnologiýalaryň ösdürilmegi bilen esasy maksat maglumat serişdelerini we maglumat gatnaşyklaryny çalt alyşmaga mümkinçilik döretmekdir.
Elektron öwrediji serişdelere dürli görnüşli maglumatlary saklamaga ukyply bolan tanyşdyrmalar (prezentasiýalar), suratlar, çyzgylar, diagrammalar, audio we wideoýazgylar, tekstler we beýlekiler degişlidir. Bularda didaktiki, tehniki, guramaçylyk, estetiki häsiýetli esasy ýörelgeler öwrenilen bolmalydyr.
Elektron kitaphanalar, elektron kitaplar baradaky gyzyklanmalar hem dünýä jemgyýetçiliginde bilim ulgamynyň ykrar edilen täzeliklerine degişlidir, olaryň ulanylyşynyň gerimi barha giňelýär. Elektron kitaplaryň amatly okuw serişdesi hasaplanýandygyny, onuň okyjylarynyň köpelýändigini bellemelidiris. Bu okyjynyň kitap okamaga sarp edýän zähmetini we kitaphana barmak üçin sarp edýän wagtyny tygşytlamaga ýardam edýändigi bilen amatlydyr. Goşmaça maglumat serişdelerine sözlükler, gysgaça düşündirişler, hrestomatiýalar, döwürleýin hem-de pudaklaýyn neşirler, binýatlyk maglumatlara salgylanmalar, saýtlar, sorap-jogap, tor ulgamlary we beýlekiler degişlidir. Okatmagyň usulyýetinde mugallymlar goşmaça maglumatlary hem öwrenmelidir. Çünki mugallym okadýan sapagyny has-da giňişleýin göz öňüne getirmelidir, terbiýeçilik sapaklarynda sözlükler bilen işlemegiň ähmiýetini ýaşlara düşündirip durmalydyr. Bu maglumatlar ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňemegi üçin ähmiýetlidir, çünki okuwçy sözlükleriň ähmiýetine has-da çuňňur göz ýetirýär, okamak, öwrenmek endikleri kämilleşýär.
Okuwyň we usulyýetiň esasy görkezijileri maksatnamasy (sapagyň maksady, onuň mazmuny, wezipesi), tertip boýunça geçirilişi bolup durýar. Şeýle okuw usuly diňe bir okuw sapaklaryny geçirmek bilen baglanyşykly maglumatlary däl, eýsem, terbiýeçilik işlerini geçirmäge degişli pedagogik usullary hem öz içine alýar. Bulara sapakdan daşary çäreleriň geçirilişi, maşgala bilen mekdebiň gatnaşygy, ata-eneler bilen arabaglanyşykly işler we şuňa meňzeş çäreleriň usulyýeti degişli bolup biler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, bilimleri özleşdirmegi, mähriban Watanymyza, ene topragymyza, ata-babalarymyzyň milli ahlak ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Çarymyrat ANNAORAZOW,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygy.