
Статьи
230

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýagty geljegimiz bolan ýaş nesil barada edilýän aladalar buýsanjyňy artdyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, sowatly bolmagy, milli mirasymyzdan, sungatymyzdan, medeniýetimizden, şeýle hem häzirki döwrüň ösen kompýuter tilsimatlaryndan baş çykarmagy, kämil bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýaş nesliň kämil bilimli bolmagynda başlangyç synpda öwredilýän sapaklaryň ähmiýeti uludyr, çünki başlangyç synp geljekki bilim mümkinçiliklerine aýdyň ýol bolýar. Ikinji synpda türkmen dili sapagynda ýogyn we inçe çekimli sesler öwredilýär. Sapagy döwrebap usulda guramak üçin multimedia tagtasynda dürli slaýdlary, ýumuşlary taýýarlaýarys. Sapak wagtynda bu ýumuşlary, slaýdlary görkezmek okuwçylaryň täze temany öwrenmegine, sapagy özleşdirmegine oňat täsir edýär.
Sapagyň başynda harp we sesler barada geçilenleri giňişleýin gaýtalaýarys. Okuwçylar «Sesi aýdýarys we eşidýäris. Harpy ýazýarys we görýäris. Harp sesiň ýazuw belgisidir» diýip okuw kitabyndaky kesgitlemeleri beýan edýärler. Şeýle hem okuwçylara çekimli we çekimsiz sesler barada düşünje berýäris. Türkmen dilinde 9 sany çekimlileriň we 21 sany çekimsizleriň bardygyny beýan edýäris. Şeýlelikde, täze temany düşündirmäge girişýäris. Türkmen dilinde çekimlileriň ýogyn we inçe çekimliler diýen iki topara bölünýändigini aýdyp, multimedia tagtasynda ýörite şekiller arkaly ýogyn we inçe çekimlileri görkezýäris:
Çekimli sesler iki hili bolýar:
A, o, u, y ýogyn çekimlilerdir.
E, ä, i, ö, ü inçe çekimlilerdir.
Multimedia tagtasyndaky harplary okuwçylar okaýarlar we depderlerine belläp alýarlar. Sapagyň dowamynda okuwçylara okuw kitabyndan gönükmeleri ýazdyrýarys. Ýazylan sözlerde näçe çekimli sesiň bardygyny okuwçylar bilen bilelikde pikir alyşýarys. Mysal üçin, «Okuw başlandy» diýen sözlemde näçe söz bar, näçe çekimli bar? Bu sözlerdäki çekimliler inçe çekimlimi ýa-da ýogyn çekimlimi? Okuwçylar sözlerdäki çekimlileri aýdyp berýärler. Şeýle işjeň ýagdaýda geçilýän sapak türkmen diliniň başlangyç bilimlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Sapagyň dowamynda dürli sözleri depderlerine ýazdyrmak we çekimliler hakyndaky pikirlerini diňlemek hem ýola goýulýar. Bularyň ählisi okuwçylaryň bilimleri özleşdirmegine ýardam edýär. Sapagyň ahyrynda on sany sözi ýazyp gelmegi we ýazylan sözlerde çekimliler hakynda pikirlerini beýan etmeklerini tabşyrýarys.
Zülfiýa ANNAMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.