
Статьи
332

Düýn ýurdumyzyň zehinli çagalaryna we çagalar döredijilik toparlaryna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji gadamlarynyň üstüni ýetirdi.
Gysga ömründe ýakymly sesi, saýrak owazy bilen sungat äleminde şan-şöhrata eýe bolan we halkymyza miras goýan aýdymlary bilen ýurdumyzyň milli aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasynda orun alan Gulbabanyň hormatyna 2002-nji ýyldan bäri her ýylyň başynda okuwda, sportda, aýdym-saz äleminde ukyp-başarnyklaryny görkezip, deň-duşlaryndan saýlanan zehinli çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşurylýar. Munuň özi türkmen halkynyň medeni-mirasynyň, aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimize goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr hem-de milli medeniýetimiziň dowamatyny dowam etdirjek ýaş nesillere bolan uly ynamyň beýanydyr.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirilen dabarada ruhubelent ýaş nesiller eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehini, çuňňur pähim-paýhasy bilen gazanylan üstünlikleri taryplaýan aýdym-sazlary aýratyn yhlas bilen ýerine ýetirdiler. Çagalaryň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary, şowhunly çykyşlar bagtyýar nesillerde ýakymly täsirleri galdyrdy.
— Täze ýylyň ilkinji günlerinde arzuwym hasyl bolup, maňa-da deň-duşlarym bilen birlikde Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny almak bagty miýesser etdi. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Bagtyýar çagalygyň mekanynda goşgy goşup, aýdym aýdyp ýaşamak — uly bagt. Menem döredijilik bilen meşgullanyp, goşgy, hekaýa ýazmagy gowy görýärin. Olar «Nesil» gazetinde, «Güneş» žurnalynda hem neşir edilýär. Türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili sapaklaryny has-da söýüp okaýaryn. Mekdebimizde geçirilýän düzme ýazmak bäsleşiklerinde-de yzygiderli ýeňiji bolýaryn — diýip, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Merjen Umarowa biziň bilen ýürek buýsanjyny paýlaşdy.
Ýaş nesliň gazanýan her bir üstünliginiň, her bir belent sepgidiniň gözbaşynda mukaddes maşgala ojagynyň mähri we ene-atanyň çagasynyň geljegine bolan uly höwesini hem-de yhlasyny aňladýar. Öz perzendiniň döredijilik dünýäsindäki ädimlerine döwlet goldawyny duýmak her bir ata-enäni buýsandyrýar.
— Agtyjagym Ogultäç janyň bu günki ýeňşine ene hökmünde guwanmak guwanýaryn. Onuň elindäki şahadatnamasyny galgadyp, ylgap gelip gujagyma dolmagy ýüregime söz bilen aýdyp bolmaýan ýylylyk berdi. Agtyjagym kiçijikliginden aýdym-saza imrikdi. Saz gurallaryndan fleýta çalmagy hasam gowy görýär. «Ýaşlyk», «Aşgabat», «Türkmen owazy», «Arkadag» teleýaýlymlarynda çaga ýüreginden joşup çykýan aýdymlary bilen yzygiderli çykyş edýär. Çagajyklarymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy, ýagty geljegi üçin bimöçber uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hemmelere düşümli bolsun! — diýip, agtygyny bagryna basyp, onuň begenjine şatlanyp duran Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Gülsere Jumaýewanyň sözleri bolsa ene ýüreginiň owazy bolup ýaňlandy.
Habib ATABERDIÝEW,
«Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň terjimeçisi. Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.