
Статьи
511

Şu ýylyň ýanwar aýynyň 5 — 7-si aralygynda ýurdumyzyň etrapdyr şäherlerinde bilim işgärleriniň üç günlük usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirilýär. Usuly-amaly okuwlarda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyny, kämil, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek boýunça bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmagyň iş tejribeleri barada giňişleýin söhbet edildi. 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemleri we ikinji ýarymynda ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Usuly-amaly okuwlar Arkadag şäheriniň bilim müdirligine degişli 9-njy çagalar bakja-bagynda üç günüň dowamynda geçirilip, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarydyr pedagogik işgärleri işjeň gatnaşdylar. Usuly-amaly okuwyň esasy maksady — tejribe alyşmak, öňdebaryjy iş tejribäni ýaýratmak we okatmagyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän nusgalaryny bilim işine ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Okuwlaryň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleri esasynda bilim-terbiýe bermegi has-da kämilleşdirmegiň milli bilim ulgamynyň esasy wezipesidigini, bilim özgertmelerini işjeňleşdirmek, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler baradaky çykyşlar diňlenildi.
Şäheriň 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Nurjahan Hojadurdyýewanyň «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda ata-eneler bilen döwrebap, netijeli işleri alyp barmakda öňdebaryjy halkara tejribelerini öwrenmek we iş tejribä ornaşdyrmak», 7-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Gülnar Aşyrowanyň «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim işgärleriniň pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, pedagogik geňeşiň işiniň netijeliligini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň usullary», 10-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Ogulnabat Gurbandurdyýewanyň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler we olary durmuşa geçirmegiň ýollary» atly çykyşlary has-da täsirli boldy. Şeýle-de, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleri bilen geçirilen usuly-amaly okuwlarda çaga terbiýesiniň derwaýyslygy, sapaklaryň täsirliligini artdyrmak üçin çagalar bilen işjeň oýunlary guramak hem-de önde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Amanjahan PIRLIÝEWA,
Arkadag şäher bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe bölüminiň başlygy.
* * *
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdepde taryh, jemgyýeti öwreniş, hukuk, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti dersleri boýunça usuly-amaly okuwlar guraldy. Usuly-amaly okuwa Balkanabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň 36-syndan taryh mugallymlarynyň 120-si gatnaşdy.
Üç günlük usuly-amaly okuwda mugallymlar özlerine berkidilen temalar boýunça täsirli çykyş etdiler. Usuly-amaly okuwyň dowamynda tejribeli mugallymlar ýaş mugallymlara halypa maslahatlaryny berdiler. Şeýle hem, usuly-amaly okuwlarda 2025—2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarym ýyllygynda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi.
Usuly-amaly okuwda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryny peýdalanmagyň ähmiýeti» diýen temadan çykyş etdim. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary taryh mugallymlary üçin hem baş gollanmadyr. Bu ajaýyp kitaplarda beýan edilýän taryhy maglumatlary, rowaýatlary taryh mugallymlary sapaklarynda giňden peýdalanýarlar. Bu kitaplarda türkmen halkynyň baý geçmiş taryhy dogrusynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.
* * *
Tejen etrabyndaky 6-njy orta mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň ýanwar usuly-amaly okuwlary geçirildi. Usuly-amaly okuwda edilen çykyşlarda halypa mugallymlaryň iş tejribeleri we usuly maslahatlary diňlenildi. «Edebiýat dersiniň üsti bilen okuwçylarda umumadamzat gymmatlyklaryny terbiýelemegiň iş tejribesinden» atly çykyşymyzda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň mugallymlara bu ugurda gymmatly gollanma bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdim.
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» mazmunyna laýyklykda edebiýat sapaklarynda okatmagyň öňdebaryjy, has kämil, ýokary netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly ýaş nesliň kalbynda ata Watana, onuň şöhratly taryhyna, merdana we zähmetsöýer halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, edep-kadalaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, medeni hem-de ruhy mirasyna buýsanjyň we söýginiň kemala getirilmegine aýratyn üns berilmelidigi nygtaldy.
Annatäç ÇARYÝAROWA,
Tejen etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.
* * *
Baýramaly şäherindäki 10-njy orta mekdepde matematika mugallymlarynyň usuly-amaly okuwlary geçirildi. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleri durmuşa geçirmekde matematika mugallymlary tarapyndan alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Usuly-amaly okuwda «Matematika sapaklarynda okuwçylarda Watana bolan söýgini terbiýelemegiň ýollary» diýen tema boýunça çykyş etdim we kärdeşlerimiz bilen pikir alşyp, tejribelerimizi paýlaşdyk.
Akja GARÝAGDYÝEWA,
Baýramaly şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiň ýokary derejeli matematika mugallymy.
* * *
Türkmenabat şäherindäki 13-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymlarynyň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirildi. Usuly-amaly okuwda mugallymlaryň birnäçe temalar boýunça çykyşlary diňlenildi. «Okuw-terbiýeçilik işlerinde okuwçylarda kitap okamaga höwesi döretmäge we ýatdan hasaplamak endiklerini, ýatkeşligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmäge gönükdirilen işleri alyp barmagyň ýollary» diýen temadan çykyş etdim. Usuly-amaly okuwda başlangyç synp mugallymlary bilen, esasan hem, okuw-terbiýeçilik işlerinde innowasion tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Gülöwser KARIMOWA,
Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy.
* * *
Aşgabat şäherindäki 109-njy çagalar bakja-bagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň, mugallymlarynyň we şepagat uýalarynyň üç günlük usuly-amaly okuwlary guraldy. Bu ýerde birnäçe temalar boýunça tejribeli terbiýeçileriň çykyşlary diňlenildi. Onda Aşgabat şäherindäki 87-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Ogulnäzik Halamowanyň «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpelerine milli ruhda bilim-terbiýe bermek işinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň ähmiýeti», 25-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülbahar Ataýewanyň «Çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda, toparlarda ata-eneler bilen geçirilýän işleri döwrebap guramagyň usullary», 34-nji çagalar bakja-bagynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň terbiýeçisi Mähri Şadurdyýewanyň «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerini «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) we Döwlet bilim standartynyň talaplaryna laýyklykda guramagyň we işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ugurlary» diýen temadaky çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy. Şeýle hem körpeleriň bilesigelijiligini artdyrmakda, olary sapaklara gyzyklandyrmakda iň kämil usullaryň ornaşdyrylmalydygy barada halypa terbiýeçileriň iş tejribeleri hakynda aýratyn durlup geçildi.
Maýagözel SAZAKOWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň müdiri.
* * *
Daşoguz şäherindäki 6-njy orta mekdepde başlangyç synplaryň mugallymlarynyň üç günlük usuly-amaly okuwlary geçirildi. Oňa şäherdäki mekdepleriň başlangyç synp mugallymlarynyň 525-si gatnaşdy. Olar dürli temalar boýunça çykyş etdiler. Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Aknur Esenowa «Başlangyç synp okuwçylarynyň teksti okamaklarynyň we oňa düşünmekleriniň hilini, netijeliligini halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerine laýyklykda ýokarlandyrmagyň ýollary» diýen temadan çykyş etdi. Bu tema boýunça Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň mugallymy, usuly birleşmäniň ýolbaşçysy, ýokary derejeli halypa mugallym Patma Çäşemowa PIRLS, TIMSS, PISA maksatnamalary boýunça giňişleýin gürrüň berdi. Başlangyç synp okuwçylarynyň okamak we okamaga düşünmek endiklerini halkara standartlaryna (meselem, PIRLS) laýyklykda ýokarlandyrmak diňe bir sowatlylyk däl, eýsem, ähli dersleri özleşdirmegiň binýadydyr. Halkara bilim maksatnamalary okuwçylaryň diňe bir harplary birleşdirip okamagy däl, eýsem, tekstde gizlinlikde berlen manysyny, niýetini bilmek, netije çykarmak diýmekdir. Okuwçy teksti okap başlamanka, onuň sözbaşysyna we suratlaryna seredip mazmuny barada çaklama etmeli. Bu okuwçynyň gyzyklanmasyny artdyrýar. Şeýle-de, mugallym we okuwçy teksti bilelikde okaýarlar. Mugallym kyn sözleriň manysyny düşündirýär we «Siziň pikiriňizçe indiki bölümde näme bolar?» diýen ýaly soraglar bilen pikirlenmäge itergi berýär. Tekstdäki wakalaryň yzygiderliligini ýa-da gahrymanlaryň häsiýetlerini görkezmek üçin shemalary peýdalanmak usullaryny hem ulanyp biler. PIRLS — bu başlangyç synpy tamamlaýan okuwçylaryň okamak sowatlylygyny deňeşdirýän halkara gözleg maksatnamasydyr.
Şirnazar ATAÝEW,
Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.