
Статьи
16286

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, sanly bilimi has-da ösdürmekde, ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim hem beden taýdan sazlaşykly ösüşini yzygiderli kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly — 2025-nji ýylymyz mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip bellenilen, ýurdumyz we halkymyz üçin iňňän möhüm taryhy ähmiýetli we buýsançly wakalara baý bolan ýyl hökmünde döwletimiziň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün ediji döwlet hökmünde dünýädäki abraýy has-da beýgeldi.
Merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ruhubelentlik hem-de ýagşy umyt-arzuwlar bilen täze, 2026-njy ýyla gadam basdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanylýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2025-nji ýylyň 26-njy dekabryndaky karary bilen 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi agzybir we merdana halkymyza, ýurdumyzyň bilim işgärlerine egsilmez buýsanç paýlady.
2026-njy ýylda Watanymyzyň mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler bilen dabaraly bellenilip geçiler.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmek, döwrebap bilimli, ylymly, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn bedenli, watansöýüji, edep-terbiýeli ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmek, tebigy zehinini açmak, olary ylmy-barlaglary geçirmäge höweslendirmek hem-de hünärlere gönükdirmek babatda alnyp barylmaly işlerde bilim işgärlerine örän möhüm wezipeler degişli bolup durýar.
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi), «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynyň we gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna ýaşlarymyzyň döwrebap we ýokary hilli bilim almagyna, dürli hünärleri yhlasly öwrenmegine giň ýollary açýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde gazanylýan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri ýaşlara düşündirmek, olarda milli buýsanjy kemala getirmek esasy wezipeleriň biridir. Merdana ata-babalarymyzyň dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy, medeni, söwda, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek babatda bitiren işlerini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistanda hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mynasyp dowam edýändigini wagyz etmek, şeýle hem ýaş nesli eziz Watanymyza Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek bilim işgärleriniň öňünde goýlan uly we jogapkärli wezipelerdir.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «2025 — 2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli ilkinji okuw sapagyny guramaçylykly geçirmek hakynda» buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň bilim edaralarynda 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen geçiriler.
Bu okuw sapagynda hormatly Prezidentimiziň: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen buýsançly sözleriniň çuňňur many-mazmunyny mekdep okuwçylaryna we talyp ýaşlara düşündirmek ähmiýetlidir. Munuň özi olarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza çäksiz buýsanjy döreder.
Ilkinji sapagyň dowamynda 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli halkara forumyň geçirilendigini, bu forumyň dünýäniň köp sanly döwletleriniň, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny, wekillerini, syýasatçylary, diplomatlary, jemgyýetçilik işgärlerini bir ýere jemländigini, bu möhüm foruma giň wekilçilikli düzümiň gatnaşmagynyň Türkmenistana goýulýan belent hormatyň we bildirilýän uly ynamyň, ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky oňyn ornunyň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly we mynasyp goşandynyň ykrarnamasydygyny ýaşlara düşündirmek möhümdir.
Ilkinji sapakda okuwçylar we talyp ýaşlar bilen söhbetdeşlikler guralanda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şanly 35 ýylynyň dowamynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň uly ösüşlere beslenendigi barada beýan edilmelidir. Şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky ajaýyp üstünlikler barada anyk delillere esaslanýan düşündirişler berilse, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň esasynda ýaşlaryň taýýarlan döredijilik çykyşlary guralsa, ilkinji okuw sapagynyň täsirliligini we netijeliligini has-da ýokarlandyrar.
Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin döredilýän ähli mümkinçilikleriň netijesinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de ýörite orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň halkara bilim, ylym we sport bäsleşiklerinde gazanýan guwandyryjy, buýsandyryjy üstünlikleri ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belent derejelere ýetirýär. 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, türgenlere we olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurmagy, aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi bilim hem sport ulgamlarynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň aýdyň netijeleridir. Bu taryhy wakalar ýaşlarymyzy we olaryň halypalaryny täze üstünliklere we ýeňişlere has-da ruhlandyrdy. Ilkinji okuw sapagynda şu möhüm waka bilen baglanyşykly söhbetlere üns çekilmelidir.
Ilkinji okuw sapagynda ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygyny, munuň anyk mysaly hökmünde döwlet Baştutanymyzyň 2025-nji ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa üstünlikli amala aşyran iş saparynyň netijelerini we onuň dowamynda gol çekilen möhüm resminamalary aýratyn bellemek bolar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi buýsandyryjy wakalar bolandygy barada ýaş nesle täsirli gürrüňler berilmelidir.
2025 — 2026-njy okuw ýylynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen geçirilýän ilkinji okuw sapagynyň ýokary guramaçylyk we hil derejesinde geçirilmegi üçin her bir bilim işgäri sapaga döredijilikli çemeleşmelidir. Halypa bilim işgärleriniň iş tejribesine salgylanyp, öz ukyp-başarnygyny görkezmelidir. Okatmagyň döwrebap usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydyr. Sapakda ulanyljak okuw-görkezme esbaplary, goşmaça maglumatlar we multimedia serişdeleri öňünden taýýarlanylyp, okuw otaglary döwrebap enjamlaşdyrylmalydyr. Bilim edaralarynyň ýolbaşçylary ilkinji okuw sapagynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini we onuň bildirilýän talaplara laýyklykda guralmagyny gazanmalydyrlar. Sapakda okatmagyň döwrebap usullarynyň, innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesiniň okuw-terbiýeçilik işlerinde giňden ulanylmagy ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokary bolmagyna mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan kemal tapan ylmy-ensiklopedik eserlerindäki, filosofik kitaplaryndaky ylmy taglymatlar gymmatly terbiýe mekdebidir. Ol kitaplarda şöhratly taryhymyz we oňa täzeçe garaýyşlar, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny açyp görkezýän ynsanperwerlik ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz öz beýanyny tapandyr. Ýaşlary eziz Watanymyza, hormatly
Prezidentimize, Milli Liderimize, merdana halkymyza wepaly, bilimli-terbiýeli edip ýetişdirmek her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr. Bu belent borjy mynasyp ýerine ýetirmek üçin ilkinji okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri» atly gymmatly kitaplaryndaky nesil terbiýesi, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, ylym-bilim we hünär öwrenmek baradaky pähimler esasynda giňişleýin söhbetleri etmeklik möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň many-mazmuny, nesil terbiýesindäki orny we ähmiýeti, okuw-terbiýeçilik işlerinde ulanmagyň usullary barada gyzykly gürrüňdeşlikler geçirilmelidir.
Ilkinji okuw sapagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň many-mazmuny, ata Watanymyz Türkmenistanyň abraý-mertebesi giňişleýin beýan edilmelidir. Şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň mukaddesligi, türkmen halkynyň gadymdan gelýän agzybirlik däpleriniň, ylalaşykly dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dowam etdirilişi, ýaşlaryň watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmeginiň zerurlygy baradaky paýhasly jümleleriň esasynda bilim-terbiýeçilik we wagyz-nesihat häsiýetli söhbetleri guramaga aýratyn orun we möhüm ähmiýet berilmelidir.
Ilkinji okuw sapagynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu abraýly halkara gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 2025-nji ýylda 3 sany Kararnamanyň — «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», «Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)», «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalarynyň kabul edilmegi, bu möhüm halkara resminamalaryň many-mazmuny, ähmiýeti barada täsirli söhbetleriň edilmegi zerurdyr. Şeýle hem ilkinji okuw sapagynda Türkmenistanyň milli hödürnamasy esasynda «Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň» hem-de «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, bularyň ýaşlary milli gymmatlyklarymyza we baý medeniýetimize buýsanç hem-de söýgi, hormat goýmak ruhunda terbiýelemekdäki, milli mirasymyzy gorap saklamakdaky, baýlaşdyrmakdaky hem-de dünýäde giňden wagyz etmekdäki ähmiýetleri barada buýsançly söhbetler edilmelidir.
Ilkinji okuw sapagynda 2025-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen «Awaza syýasy Jarnamasynyň», «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň we onuň Jemleýji Resminamasynyň, 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde üstünlikli geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti, olaryň many-mazmuny ýaş nesle düşündirilmelidir. Şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda alyp barýan giň gerimli, umumadamzat bähbitli işleriniň guwandyryjy netijeleridigi barada gyzykly gürrüňler berilmelidir.
Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny, halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada aýratyn bellemek gerek. Ilkinji okuw sapagy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, türkmen bedewiniň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Bedew» atly ajaýyp goşgusyny hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyndan milli buýsanjymyzy goşalandyrýan ganatly sözlerinden okuwçylaryň we talyplaryň labyzly okamagy bilen jemlenilmelidir.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynda beýan eden: «Biz saýlap alan ýolumyza ygrarly bolup, nesillerimize beýik taryhy hakydany, bagtyýar geljegi peşgeş galdyrarys. Şu mukaddes ýolda Beýik Biribar bize güýç-kuwwat, haýyr işlerimize rowaçlyk bersin!
Goý, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy baýdak edinýän jan Watanymyz Türkmenistanyň abraý-mertebesi belent bolsun!» diýen çuňňur mazmunly sözleri bilim işgärleri üçin gymmatly wesýetdir, nesil terbiýesinde durmuş ýörelgesidir.
2025 — 2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygy düşümli bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine alyp barýan ähli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Bilim ministrligi. Türkmenistanyň Milli bilim instituty.