
Статьи
497

Eziz Watanymyza bolan buýsanjymyz köňlümiziň töründe orun alandyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 35 ýyl bolýar. Bu şanly sene şu ýylymyzyň ösüşlere beslenjekdigini, toýlarymyzyň toýlara ulaşjakdygyny aýdyň beýan edýär.
Bedew batly ösüşlere beslenýän şu günlerimizde milli gymmatlyklara, pederlerimiziň asylly ýörelgelerine belent sarpa goýýarys. Şeýle milli gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşylarynyň biri hem pederlerimiziň döreden seýisçilik sungatydyr, arassa ganly ahalteke bedewlerimizdir. Behişdi bedewleriň gymmatlygyna, şöhratly taryhdaky ornuna belent sarpa goýýan halkymyz pähimdar pederleriň ýoluny mynasyp dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde behişdi bedewleriň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Mälim bolşy ýaly, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Munuň özi türkmen bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýäde belent derejä eýedigini, seýisçilik sungatymyzyň has-da ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär. Pähimdar pederlerimiz türkmen bedewlerini kemala getirmekde seýisçilik sungatyny kämil derejä ýetiripdirler, ýyndam, owadan bedewleri ýetişdiripdirler. Diňe bir owadan bedewleri seýislemek bilen çäklenmän, eýsem, ata-babalarymyz bu bedewleriň waspyny hem ýetiripdirler, şygyrlaryň üsti bilen taryplapdyrlar. Biz muny «Görogly» şadessanynda Gyratyň waspyny ýetirip, gazallaryň aýdylýandygynda hem aýdyň görýäris.
Behişdi bedewleriň waspy hakynda beýan edenimizde, diňe bir halk döredijilik eserleri däl, eýsem, şahyrlaryň nusgawy edebiýatymyzda uly orun alan goşgularynda hem bedewler hakyndaky waspnamalary görmek bolýar. Bu babatda Magtymguly Pyragynyň «Çyn bedewler meýdanynda bellidir» diýen goşgusyny mysal getirmek bolar. Akyldar şahyryň şeýle ajaýyp setirleri hem ünsüňi çekýär:
At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek.
Gelene garşy durmaga,
Ýagşy muhabbeti gerek.
Şeýle hem köp sanly nusgawy edebiýatyň eserlerini mysal getirmek bolýar. Seýitnazar Seýdiniň:
Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň —
setirleri hem bedewleriň waspyny belende göterýär. Bu goşguda bedewiň şaý esbaplar bilen bezelmegini hem belläp geçýär. Bedewleriň şaý esbaplarynyň bezelişi hakynda hem beýan etmek gerek. Sebäbi aýdanyňda, nusgawy edebiýatyň eserleriniň örän köp sanlysynda bedew esbaplary, bezeg şaýlary hakynda durlup geçilýär. Özi hem eýer, jul, alagaýyş, göwüsbent ýaly at esbaplary bedewleriň gözelligine gözellik goşýar. Şonuň üçin hem edebi eserlerde we waspnamalarda bu gymmatlyklar hem beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gözel Diýarymyzda türkmeniň milli guwanjy bolan behişdi bedewleri aýap saklamak hem-de ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Owadan hem ýyndam bedewlerimiziň waspyny ýetirmek her bir döredijilik işgäriniň, wagyz-nesihaty alyp barýan ildeşlerimiziň asylly ýörelgesine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary bolsa ildeşlerimiziň kalbynda behişdi bedewlerimize guwanjy, buýsanjy has-da artdyrýar.
Şeýle gymmatlyklara nazar aýlanyňda, türkmeniň göz guwanjy bolan bedew ata gadyr-gymmat goýmak ýörelgesiniň düýp kökleri baradaky pikir kalbyňa dolýar. Türkmen halky hemişe-de bedew atyna aýratyn sarpa goýupdyr. Biz muňa nusgawy edebiýatyň eserlerinde hem, golýazma çeşmelerinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Görşümiz ýaly, halkymyz toý gününde bezeglere beslenýän bedewlerini jana-jan dost, mähriban gardaş hasaplapdyr. Bagşylar aýdym-saz bilen, şahyrlar çeper şygyrlar bilen bedew atlary wasp edipdirler.
Ata-babalarymyzyň şeýle belent sarpa goýan, dünýä malyna çalyşmadyk behişdi bedewleri häzirki ajaýyp döwrümizde hem her birimiziň buýsanjymyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik joşgun bilen tutulýan toýlarda ahalteke bedewleriniň gözel keşbini görmek bagtyýarlykdyr. Çünki munuň özi abadan ýurdumyzyň bagtyýarlygyny, toýlara beslenýändigini aňladýan aýdyň mysallardyr.
Pederlerimiziň seýisläp ýetişdiren ýelden ýüwrük bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Sähragözel MÜRZÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň direktory.