
Статьи
331

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň öňünde täze wezipeler durýar. Aýratyn-da, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, okap bilim alýan hünärleri boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegini, häzirki zaman tehnikalarynydyr tehnologiýalaryny ussatlyk bilen dolandyrmagy başarmagyny gazanmak ýokary okuw mekdepleriniň esasy maksady hökmünde kesgitlenendir. Bu babatda talyp ýaşlaryň arasynda ylmy-intellektual bäsleşikleriň geçirilmegi-de örän uly ähmiýete eýedir.
«Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini şu günüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny häzirki döwrüň jemgyýetçilik zerurlyklaryny kanagatlandyrmak esasynda özgertmegi wajyp wezipe hökmünde ileri tutýar. Şunda geljekde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekjek, öz ugurlaryny döwrebaplaşdyrmakda täzeçe strategiýalary işläp taýýarlajak talyp ýaşlara möhüm orun degişlidir. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny netijeli ilerledýän ýurdumyzyň bu ugurda kuwwatly bilim binýadynyň bolmagy ýokary taýýarlykly hünärmenleriň ýetişdirilmegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdeplerimizde bilim alýan ýaşlar ylmyň we tehnologiýanyň, senagatyň dürli ugurlaryna ýöriteleşýärler.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem ýaşlar ulag we inženerçilik ugurlarynyň döwrebap ýörelgelerini, ösüşini öwrenýärler, bilimlerini berkitmek üçin ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşýarlar. Golaýda bilim ojagymyz tarapyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň kepili» atly ylmy-intellektual bäsleşigiň yglan edilmegini muňa mysal hökmünde bellemek bolar. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara giňişlikde ulag diplomatiýasy boýunça umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen çykyş edýän ýurdumyzyň bu ugurdaky mümkinçiliklerini öwrenmekde, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakda, olary täze bilim üstünliklerine höweslendirmekde örän ähmiýetlidir. Ylmy bäsleşikler halkara olimpiadalara gatnaşmaga dalaş edýän ökde ýaşlary mälim etmäge hem ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary, döredip berýän mümkinçilikleri netijesinde, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarjak giň dünýägaraýyşly nesiller kemala gelýär. Ýylyň-ýylyna yzygiderli geçirilýän ylmy bäsleşikler, häzirki zaman okuw otaglarynda öňdebaryjy tejribeler esasynda berilýän bilimler, hödürlenilýän baý mazmunly gollanmalar, edebiýatlar, maglumatlar ulag-kommunikasiýalar ýaly halkara derejede barha ilerleýän ugur boýunça okaýan ýaşlaryň ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin derwaýysdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylýan ýurdumyzyň ulag-logistika infrastrukturasynda zähmet çekjek ýokary bilimli hünärmenler geljekde ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşini üpjün ederler.
Begençdurdy SAPAROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.