
Статьи
411

Ýurdumyzda saklanyp galan maddy ýadygärlikler şöhratly taryhymyzy aňda suratlandyrmaga, onuň ösüş basgançaklaryny yzarlamaga mümkinçilik berýän çeşmelerdir. Giň çäklerde ýaýraň ýerleşýän gadymy ýadygärliklere ylymda «arheologiýa medeniýeti» hökmünde garalýar. Birmeňzeş arheologiýa medeni gatlaklar we tapyndylar şol medeniýeti döredijileriň ýaýrawyny, durmuş derejesini kesgitlemäge ýardam edýär.
Biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllygyň başlaryndan I müňýyllygyň ortalaryna çenli dowam eden Dehistanyň arhaik döwrüniň medeniýeti Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky Hazarýaka sähralyklarda ýerleşýär. «Arhaik» adalgasy «köne» diýen manyny aňladyp, ol bu ýerde Dehistana degişli ylmy edebiýatda biziň eýýamymyzdan öňki IV asyrdan başlanýan we «antika» diýlip atlandyrylýan döwürden öňki taryhy döwri aňlatmakda ulanylýar. Medeni gatlaklardan, tapyndylardan emele gelen depeler toplumy, emeli suwarymly ekerançylygyň galyndylary bürünç asyryň ahyrynda, adamzadyň demir işlemegi ýaňy öwrenip ýören döwürlerinde bu ýerde bolup geçen ýaşaýşy suratlandyrmaga kömek edýär. Medeniýetiň eýeleýän çäkleri, esasan, demirgazykda Balkan daglarynyň gerişlerine çenli, günbatarda Hazar deňzi, günortada Etrek-Gürgen derýalarynyň jülgeleri bilen gurşalandyr. Giňişligi tekiz düzlükler we peslikler eýeleýär. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri şäherleşen ilatly ýerlerde, şeýle hem oba görnüşli oturymly ýerlerde agzalan döwürden irki wagta degişli medeni toplumy ýüze çykarmady.
Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Dehistan ýadygärliklerinde ilkinjileriň biri bolup ylmy-gözleg işlerini alyp baran görnükli arheolog A.A.Maruşenko Dehistanyň gadymy medeniýetini «Madaw medeniýeti» diýip atlandyrmagy teklip edipdir, hatda ony ylmy dolanyşyga-da girizipdir. Sebäbi ol bu gadymy medeniýetiň ähli häsiýetleriniň Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda ýerleşýän Madawdepe ýadygärliginde jemlenýändigini ýüze çykarypdyr. Bu ýadygärlik «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda D-7 belgi bilen hasaba alyndy. Alym Dehistanyň arhaik döwrüniň medeniýetiniň ýa-da madaw medeniýetiniň ykdysady esaslary hökmünde ekerançylygy we maldarçylygy görkezipdir, bu ýerde köp duş gelýän açyk we goýy reňkli keramika önümlerine bolsa medeni häsiýetnama beripdir. Arheologlaryň tassyklamaklaryna görä, bu döwür biziň eýýamymyzdan öňki VI asyra çenli dowam edipdir. Bu döwrüň Dehistanyň taryhynda aýratyn döwür edilip bölünmegi doly ykrar edilmäge mynasypdyr. Sebäbi taryhy taýdan döwre bölmegiň nukdaýnazaryndan ol irki synpy jemgyýetiň emele gelýän döwri bolupdyr. Iri oturymly ýerleriň merkezlerinde güýçli berkidilen erkgalalaryň ýüze çykmagy, ösen suwaryş ulgamynyň bolmagy jemgyýetde bolup geçýän özgerişlikleri şöhlelendirýär. Bu ýagdaýlar Merkezi Aziýanyň beýleki ýerlerinde, Eýranda, Owganystanda, Hindistanda hem bolup geçipdir.
Dehistanyň arhaik döwrüniň medeniýetiniň häsiýetleri Hazar ýakasyndaky Çat-Misrian düzlüginde ýerleşýän Madawdepe, Taňsyklyjadepe, Çyglykdepe, Tilkidepe, Yzzatgulydepe, Beňňiwandepe, Gökjükdepe ýaly ýadygärliklerde aýdyň bildirýär. Alymlar bu arheologik medeniýetiň häsiýetlerini Günbatar Köpetdagyň arkajyndaky Paraw, Bamy we Börme obalarynyň ýanyndaky depelerde hem ýüze çykardyrlar. Dehistanyň arhaik döwrüniň medeniýetini A.Maruşenko, W.Masson, Ý.Atagarryýew we beýlekiler içgin öwrendiler. Taryh ylymlarynyň doktory, görnükli arheolog Ejegül Myradowanyň ylmy işleri Dehistanyň maddy medeniýetiniň başky döreýiş taryhy barada birnäçe kesgitli ylmy netijeleri çykarmaga mümkinçilik berdi. Dehistanda şol döwürde ýaşan taýpalaryň medeniýetiniň däplerinde Köpetdagyň etegindäki zolagyň orta böleginde ýaşan taýpalaryň medeniýetinden birneme tapawutlar duýulýar. Ýaşalan oturymly ýerleriň ýadygärlik galyndylary göwrümi boýunça iki sany: 0,3 gektardan 1,7 gektara çenli meýdany eýeleýän kiçi görnüşlere hem-de 20,5 gektardan agdygrak meýdany eýeleýän, merkezinde berkitmeli desgasy bolan ýaşalan ýerlere bölünýär. Olar köp otagly jaýlaryň üsti-üstüne ýerleşen tertipsiz birleşmesi bolman, eýsem, merkezinde ýörite goranyş diwarlary bolan berkitmeden we onuň daşyny gallap alan ýaşaýyş jaýlaryndan ybaratdyr. Jaýlaryň otaglary iri ölçeglerdäki (70x42x9 we 64x45x8 sm) çig kerpiçden gurlupdyr. Şeýle-de bolsa, Dehistanyň bu döwürdäki ýaşalan ýerlerini şäher diýip atlandyryp bolmaz. Sebäbi olaryň esasy ýaşaýjylary ekerançylar bolupdyr. Ýöne senetçilik döräp, ilatyň köp ýaşan ýerleriniň merkezinde berkitmeler emele gelip başlapdyr. Yzzatguly depe, Taňsyklyja depe ýaly ýadygärlikler antik şäher görnüşinde ýaşalan ýerleriň emele gelmegine şert döreden iri oturymly ýerler hökmünde häsiýetlendirilýär. Merkezi berkitmeleriň döremegi Dehistanda gurply adamlaryň jemgyýetiň içinden saýlanyp başlandygyny tassyklaýar. Çat-Misrian düzlüginde iri ekerançylaryň oturymly ýerleriniň peýda bolmagy Günorta-Günbatar Türkmenistanyň ekerançylygynyň taryhynda möhüm üýtgeşmeleriň bolandygyny görkezýär. Bu düzlükde mes topragyň boldugyna garamazdan, ýörite suwaryş arnalary çekilmese, ekerançylyk etmegiň mümkin bolmandygy mälimdir. Sumbar we Etrek derýalaryndan çekilen emeli suwaryş ulgamlarynyň saklanyp galan köp sanly ugurlary Dehistanyň irki gadymy oturymly ýerleriniň golaýynda galbaň «eginler» görnüşinde aýdyň bildirýär. Dehistanyň arhaik döwründäki suwaryş ulgamlary öwrenilende, suw akabalarynyň giňligi 5 — 7 metre çenli bolup, çuňlugynyň 2,3 — 2,7 metre barandygy, uzynlygynyň bolsa onlarça kilometre ýetendigi belli edildi. Dehistanda şunuň ýaly emeli suwaryş ulgamynyň döredilmegi ýerli halkyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Biziň eýýamymyzyň I müňýyllygynyň ahyrlarynda kämil emeli suwaryma daýanan ekin ýerleriniň peýda bolmagy Dehistanda ilkinji döwlet guramasynyň bolandygyny çaklamaga esas berýär.
Dehistanyň arhaik döwre degişli ýadygärlikleri we ol ýerlerden ýüze çykarylýan arheologik tapyndylar daýhanlaryň we maldarlaryň ösen medeniýetini şöhlelendirýär. Toýun gap-gaçlary bişirmek üçin humbazlaryň ýüze çykarylmagy, olaryň oturymly ýerleriň dürli ýerinde köpçülikleýin jemlenmegi şol döwürde küýze önümçiliginiň ösendigini, küýzeleriň hatda satuw üçin hem öndürilendigini tassyklaýar. Keramiki gap-gaçlar aýak bilen pyrlanýan çarhda ýasalypdyr we olaryň ýüzi endigan bejerilipdir. Çal reňkli keramikanyň agdyklyk etmegi örän gyzyklydyr. Munuň özi arhaik Dehistanyň iri merkezleriniň küýzegärçilik medeniýetiniň ýokary derejesiniň alamatlarynyň biri bolup durýar. Dag daşyndan ýasalan däne owguçlary we oraklaryň çakmak daşdan ýasalan tyglary hem arhaik Dehistanyň medeniýetine degişli bolup durýar. Bezegli şaý-seplerden ýasalan armyt şekilindäki süýrümtil bürünç hünjüler we bilezikler hem tapylýar. Şeýle görnüşli hünjüler arhaik Dehistanyň ähli oturymly ýerlerine ýaýrapdyr. Olaryň tapyndylaryna Tilkidepe, Yzzatgulydepe, Benguwandepe ýadygärliklerinde duş gelmek bolýar. Şoňa görä-de, görnükli arheolog W.Massonyň şeýle hünjüler arhaik Dehistanyň özünde öndürilipdir diýen çaklamasy örän adalatlydyr.
Medeni gatlaklardan ýüze çykarylýan zatlaryň arasynda bürünç tapyndylar (temençeler, monjuklar, peýkam uçlary) bilen birlikde, oturymly ýerlerde hiç bir şekile eýe bolmadyk demir bölekleri hem köp duşýar. Bu bölekler önümçilikde eräp akan galyndylar bolup, Dehistanyň arhaik medeniýetini demir asyryň zamanyna degişli etmäge we ony tutuşlygyna alanyňda, biziň eýýamymyzdan ozalky II müňýyllygyň birinji üçden birine degişli etmäge mümkinçilik berýär.
Erkgalalaryň we küýzegärleriň mähellesiniň bolmagy bu merkezleri hem, edil Margianadaky Ýazdepe, Parfiýadaky Ýelkendepe ýaly, şäher görnüşli oturymly ýerleriň hataryna goşmaga mümkinçilik berýär. Iri gurluşyklarda (erkgalalar, dini binalar, dolandyryjylaryň köşkleri) irki Gadymy Gündogarda giň ýaýran beýik emeli sekileriň (platformalaryň) bolmagy arhaik Dehistanyň medeniýetinde beýleki ýakyn-u-alys ýurtlaryň gurluşykçylaryndan täsirlenendigini tassyklaýar.
Şeýlelikde, halkymyzyň uzak geçmişde döreden maddy medeniýetini öwrenmekde gadymy arheologik ýadygärlikleriň gymmatly maglumat çeşmeleri hökmünde hyzmat edýändigi ikuçsuzdyr. Arhaik Dehistanyň ýa-da Madaw medeniýetiniň ýadygärlikleri-de ony iri taryhy-medeni sebit, özi hem baý geçmişi, häsiýetli keşbi, aýratynlyklary, özboluşly ugry bolan sebit hökmünde häsiýetlendirmäge esas berýär. Bu gün ýurdumyzyň gadymy ýadygärlikleri dünýäniň alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşan mynasyp goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Aýmämmet RAHYMOW,
«Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysy.