
Статьи
678

Heýkeltaraşlyk eseri, megerem, dünýädäki iň düşnükli «dil» bolsa gerek. Haýsy milletdendigiňe garamazdan, ussatlyk bilen ýasalan heýkeliň duýgusyny sözsüzem aňlamak bolýar. Balkanabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Begenç Hojagulyýew hem bu ugurda kämillige gol berýän ýaşlaryň biri.
Begenjiň sungat dünýäsine bolan söýgüsi ony Balkanabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebine alyp gelýär. Ol 2020 — 2024-nji ýyllar aralygynda bu mekdepde nakgaşlygyň inçe syrlaryny öwrenip, soňra has çylşyrymly ugra — heýkeltaraşlyk sungatyna höwrügip gidýär. Onuň halypa mugallymy Durdymämmet Nuryýewiň ýolbaşçylygynda ýerine ýetiren «Bedew», «Magtymguly arzuw eýlär ajap eýýamy», «Änew — 2024: Türki dünýäsiniň medeni paýtagty», «Türkmen milli oýny ýaglyga towusmak», «Parahatçylygyň nyşany», «Şanly taryh» ýaly heýkel işleri halkymyzyň baý taryhyny, medeniýetini janlandyrýar.
Ýaşajyk heýkeltaraş ýurdumyzda döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerdir sergilere işjeň gatnaşýar. 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Ýaş suratkeşleriň gözi bilen Türkmenistan we türki dünýäsi» ady bilen geçirilen halkara surat bäsleşigine «Änew — 2024» atly heýkel işi bilen gatnaşyp, 3-nji orna, mundan başga-da, TÜRKSOÝ-yň «Änew — 2024: Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly medalyna mynasyp bolýar. Häzirki wagtda Begenjiň «Änew — 2024» atly heýkel işi TÜRKSOÝ-yň Türkiýäniň Ankara şäherindäki ştab-kwartirasynda saklanýar.
Ýaş heýkeltaraş 2025-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan Gazagystanyň Aktau şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Türki dünýäsinde däp bolan çaga oýunlary» atly surat bäsleşigine «Türkmen milli oýny ýaglyga towusmak» diýen heýkel işi bilen gatnaşyp, guramanyň şahadatnamasyna eýe bolýar.
Begenjiň ýerine ýetirýän işleriniň aglabasy taryh bilen berk baglanyşykly. Onuň özi-de bu ders bilen aýratyn gyzyklanýar. Taryha çuňňur gyzyklanmasy netijesinde, 2026-njy ýylda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň çäginde geçirilýän taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň şäher, welaýat tapgyrlarynda 3-nji orna mynasyp bolup, döwlet tapgyrynda hem üstünlikli çykyş etdi.
Begenç geljekde öz hünärini kämilleşdirip, bu ugurdan ýokary bilim almagy maksat edinýär. Biz hem ýaş heýkeltaraş ýigide döredijilik gözleglerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».