Aşgabat
Статьи
148
Bäsleşik geçirildi
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de bu Konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde 25-nji dekabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, hytaý dili dersi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp okadylýan orta mekdepleriň we hytaý diline ýöriteleşdirilen 90-njy, 115-nji, 130-njy mekdepleriň gutardyş okuwçylary hem-de hytaý dilini öwrenýän okuwçylaryň 100-den gowragy işjeň gatnaşdylar. Hytaý dili dersi boýunça bäsleşigiň geçirilmegi häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş nesillere daşary ýurt dilini öwrenmäge ýardam berer. Bäsleşige mekdep okuwçylarynyň taýýarlykly gelmegi ylymly-bilimli ýaşlaryň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň işleri ýörite programma üpjünçiligi arkaly bahalandyryldy we toplanan ballaryň jemleri boýunça netijeler jemlenildi.
Şeýlelikde, birinji ýere 130-njy orta mekdebiň okuwçysy Nurana Musaýewa, ikinji ýere 130-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýlar Nowruzowa, 90-njy orta mekdebiň okuwçysy Maral Ataýewa, üçünji ýere bolsa 130-njy orta mekdebiň okuwçylary Bike Taýmazowa, Ogultäç Seýitowa, 115-nji orta mekdebiň okuwçylary Gadyr Berdiýew, Mährijemal Berdiýewa, 90-njy orta mekdebiň okuwçylary Aýbibi Kadyrowa, Leýli Ahmedowa dagylar mynasyp boldular.
Täze ýylyň öňýanynda geçirilen bäsleşik hemmelerde ýakymly täsirleri galdyrdy.
Sona ISLAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
* * *
Ussat talyp türgenler
Sport, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýaşlary sporta çekmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär hem-de okuw-tejribe sapaklary alnyp barylýar. Şeýlelikde, gujurly, maksada okgunly we gaýratly türgenleri ýetişdirmek däbi üstünlikli dowam etdirilýär. Institutyň türgenleri ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlarynda ýeňiji bolmak bilen bir hatarda, dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän sport ýaryşlarynda ýaşyl tugumyzy buýsanç bilen belende galdyrýarlar. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda institutyň türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanan 39 altyn, 34 kümüş, 33 bürünç, umumy 106 sany medallary aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu ýylyň dekabrynyň 18 — 25-i aralygynda Katar döwletiniň Doha şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda dünýäniň 19 ýurdundan 127 erkek, 16 ýurdundan 110 zenan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda institutyň talyby Şahzadbek Matýakubow agyr atletika boýunça altyn medal gazanyp, dünýä rekordyny täzelemegi başardy. Talyplar Gülälek Kakamyradowa 64 kg agram derejesinde, Anamjan Rustamowa 87 kg agram derejesinde Aziýanyň çempiony diýen ada mynasyp boldular.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda guralýan halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanýan talyp türgenlerimiz eziz Diýarymyzda geçirilýän sport ýaryşlarynda hem öňe saýlanýarlar. Şu ýylyň 16 — 25-nji dekabry aralygynda sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiadanyň çäklerinde sportuň futzal görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda institutyň «Talyp sporty» topary ýeňiji boldy. 17 — 22-nji dekabry aralygynda geçirilen erkekleriň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda hem «Talyp sporty» topary birinji ýeri eýelemegi başaryp, çempionatyň ýeňijisi boldy.
Türgenlerimiz bolsa döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler.
Jennet GELDIBAÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti"
30.12.2024ý №105
Çeşme: Türkmenmetbugat
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Инновационный информационный центр. Все права защищены. 2024