
Статьи
638

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlary üstünlikli alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky “Pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlaryny we maslahatlaryny geçirmek hakynda” 361 belgili buýrugyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüiji, döredijilikli, hünärli, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalardan bаş çykarýan kämil nesli kemala getirmek, okatmagyň täze usullaryny iş tejribä ornaşdyrmak babatda ýerine ýetirmeli işleri hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemini jemlemek we ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, pedagogik işgärleriň etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary Daşoguz welaýatynda hem “Bilim – kämilligiň binýady” diýen şygar bilen döwrebap ýagdaýda maksada laýyk geçirildi.
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz, şäherinde, Türkmenbaşy, Köneürgenç, Boldumsaz, Görogly, Şabat, Akdepe, Ruhubelent etraplarynda usuly-amaly okuwlary işjeň ýagdaýda geçirildi.
Usuly-amaly okuwlaryň talaba laýyk guralmagynda Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi A. Mätnyýzow, müdirligiň umumy orta bilim bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetirijisi A. Allanazarow, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň baş hünärmenleri N. Ataýew, G. Begjanowa we beýleki degişli hünärmenler işjeň gatnaşdylar.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň esasy ylmy G. Nuryýewa, institutyň kiçi ylmy işgäri S.Welliýewa we tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri N. Aşyrmämmedow usuly-amaly okuwlara gatnaşyp çykyş etdiler we usuly kömekleri berdiler.
Taryh, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary derslerini okadýan mugallymlar bilen geçirilýän usuly-amaly okuwlarda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” esasynda bilim işini halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmegiň amala aşyrylyşy, “E – mekdep” elektron mekdep dolandyryş ulgamyny ýurdumyzyň orta mekdeplerine ornaşdyrmagyň wezipeleri, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň, sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden we innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça hem-de öňde goýlan wezipeler baradaky bilimleri okuwçylara öwretmegiň usullary, ýaşlary milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy ugrukdyrmagyň ýollary, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynyň many-mazmunyny okuwçylara düşündirmegiň tärleri barada öňdebaryjy, tejribeli mugallymlaryň çykyşlary diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.
Şeýle-de, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, türkmen dili we edebiýaty, fizika we astronomiýa, matematika dersleri boýunça öňdebaryjy bilim işgärleriniň täsirli çykyşlary guralyp, ol iş tejribeleri paýlaşmakda ähmiýetli häsiýete eýe boldy.
Usuly-amaly okuwlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen baý miraslarymyz barada beýan eden maglumatlaryny okuwçylara öwretmegiň, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini öwrenmekdäki we dünýä ýaýmakdaky ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň, “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň halklary ýakynlaşdyrýandygyny, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna giň mümkinçilikleri döredýändigini ýaş nesle düşündirmegiň, dersi döwrebap okatmakda öňdebaryjy milli we dünýä tejribesini peýdalanmagyň, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we onuň işini talabalaýyk guramagyň usullary, mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň hem-de pedagogik ussatlygyny barha ösdürmegiň, ýaş nesle ýokary hilli bilim-terbiýe bermegiň täzeçe usullaryny iş tejribesine giňişleýin ornaşdyrmagyň, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp bilmek başarnyklaryny üznüksiz kämilleşdirmegiň ýollary baradaky çykyşlar uly üns bilen diňlenildi.
Okuwlarda bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna”, bilim işini kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, bilim edaralarynda sanly bilimiň mümkinçiliklerini we okatmagyň innowasion usullaryny okuw işine giňden ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy iş usullaryny netijeli ulanmagyň, mugallymlaryň sapaklara döredijilikli taýýarlanmaklarynyň, ýаş nesliň giň dünýagaraýşyny üpjün etmegiň, okuwçylaryň okuw maksatnamalaryny doly özleşdirmeklerini gazanmagyň we olara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň ýollary, bilim edaralarynda ýaş nesle ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn-durmuş ýörelge boýunça terbiýe bermek işleriniň guralyşy, 2024-2025-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda bilim edaralarynda okuw-terbiyeçilik, usuly işleriň alnyp barlyşy hem-de ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeler barada seljerme çykyşlary diňlemek meýilleşdirilipdir.
Usuly-amaly okuwlaryň dowamynda bilim işgärleri bilen sorag-jogap alşyldy we usuly taýdan ýardam edildi. Şeýle-de, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaplaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde giňden peýdalanmak maslahat berildi.
Bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, halk bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
Jemgyýetçilik bilimler bölüminiň esasy ylmy işgäri,
Gurbanjemal Nuryýewa