
Статьи
1151

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan ene dilimiz — türkmen dili jemgyýetçilik pikirlenişiniň ähli ugurlarynda hereket edýän kämil aragatnaşyk serişdesidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän çuň mazmunly «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlary we ylmy-pelsepewi kitaplary gadymy hem baý dilimiziň täsirliligini, öwüşginliligini açyp görkezýän gymmatly çeşmelerdir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaplary ösüp gelýän ýaş nesillerimize ene dilimiziň milli özboluşlylygyny we many çuňluklaryny öwretmekde gymmatly çelgilerdir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri netijesinde ene dilimiziň söz baýlygyny ýygnamak, sözleriň täsirliligini, ulanylyş aýratynlygyny, grammatik gurluşyndaky milli özboluşlylygyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, edebi kadalaryny kämilleşdirmek döwrümiziň derwaýys meselelerine öwrüldi. Islendik bir halkyň milli özboluşlylygyna göz ýetirmek isleýän adam ilkinji çeşme hökmünde şol halkyň ene dilinde döredilen milli edebiýata ýüzlenýär. Çünki dil — milletiň ruhy dünýäsiniň ähli inçelikleriniň we özboluşlylygynyň jemlenen hazynasydyr. Edebi eserleriň diliniň şahyranalygy, labyzlylygy we söz baýlygy bolsa halkyň taryhynyň gadymylygyndan, edebi tejribesiniň kämilliginden habar berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän nusgalyk kitaplarynda, şol sanda «Älem içre at gezer» romanynda hem çeperçilik serişdeleriniň dürli görnüşleri ulanylyp, olar eseriň täsirliligini we ýatda galyjylygyny artdyrýar. Romanda giňden ulanylan şeýle dil serişdeleriniň biri hem söz düzümleridir.
Söz düzümi sözleriň many hem grammatik taýdan özara birleşmesinden kemala gelýär. Türkmen dilinde söz düzüminiň garaşly sözi öňden, aýyklanýan esasy söz bolsa yzdan getirilýär. Mysal üçin: «Düýn giç öýlän deňiz tarapdan lemmer-lemmer bolup gelen gara bulutlar howany biraz ýumşatdy» diýen sözlemde «giç öýlän», «deňiz tarapy», «gara bulutlar», «howany ýumşatmak» ýaly söz düzümleri duş gelip, olaryň düzümindäki öňden gelen sözler garaşly, yzdan gelen sözler bolsa esasy sözlerdir. Halkymyz elmydama az we uz sözlemegi ýeg görüpdir. Bu söz düzümleri gysga sözde giň manyny aňlatmagyň netijeli serişdeleriniň biridir. Meselem, «deňiz tarapy» söz düzümi şemalyň günbatardan öwüsýändigini, «gara bulutlar» söz düzümi ýagmyrly howanyň golaýlandygyny habar berýär. Munuň özi çeper eseriň many goýazylygyny gazanmakda örän uly ähmiýete eýedir.
Söz düzümleri sözleriň durnuklylygy we erkinliligi taýdan iki topara bölünýär: erkin we durnukly söz düzümleri. Erkin söz düzümindäki sözleriň ýerine ugurdaş manyly başga sözler ulanylanda hem olaryň manysyna täsir etmeýär. Durnukly söz düzümleri bolsa, adyndan hem belli bolşy ýaly, erkin söz düzümlerinden tapawutlylykda üýtgewsiz häsiýete eýedir. Ony emele getirýän sözleri çalşyrmak, artdyrmak, kemeltmek, orunlaryny üýtgetmek bolmaýar. Sebäbi onuň düzümindäki sözleriň ählisi şol bir yzygiderlikde birleşip, bir bitewi manyny aňladýarlar. Atalar sözi we nakyllar söz düzümi babatda durnukly häsiýete eýedir. Mysal üçin, romanyň «Beýik halypa» bölüminde dana atamyz Gorkut atanyň «Garry duşman dost bolmaz» diýen paýhasly sözlerine ýüzlenilýär. Bu durnukly söz düzümindäki «garry» sözüne manydaş hem bolsa, «Goja duşman dost bolmaz» diýip, ondaky sözleri çalşyryp bolmaýar. Çünki durnukly söz düzümleri dilde asyrlarboýy üýtgewsiz ulanylyp gelinýän, durnukly aňlatmalardyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynyň dili sadadan düşnükli bolup, halk gepleşigine örän ýakynlygy, frazeologizmleriň, nakyllaryň we atalar sözleriniň ýerlikli ulanylandygy bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp eseri ýaş nesillerimize ene dilimiziň özboluşlylygyny öwretmekde we olarda türkmen milli häsiýetlerini, ynsanperwer ýörelgeleri, watansöýüjilik duýgusyny terbiýelemekde hem gymmatly çeşmedir.
Didar AMANMUHAMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
"Nesil"
28.01.2025ý №8
Çeşme: Turkmenmetbugat