
Статьи
488

Islendik döwletiň ykdysady kuwwaty, şol döwletiň ylymdyr bilime, kitapdyr kitaphanalara berýän ünsünde görünýär. Halkymyzyň kitaba goýýan hormaty gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Halk arasynda «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýen nakyl bar. Biz kitaplaryň üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, eziz Diýarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan uly üstünliklerini öwrenýäris hem-de dünýä ýaýýarys.
Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde, kitaphana ulgamy kämilleşdirilip, bu ulgamda uly üstünlikler gazanylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 24-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda gol çeken Karary bu ulgamda edilýän beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu Karary ýurdumyzyň ähli kitaphanaçylaryny, şeýle hem kitaba sarpa goýýan ildeşlerimizi çäksiz begendirdi.
Ýurdumyzyň merkezi kitaphanalarynda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamy kitaphanaçylyk işini has-da kämilleşdirdi. Täze gol çekilen resminama bilen tassyklanan Maksatnama hem milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ösdürmäge, Diýarymyzyň ähli etraplarydyr obalaryndaky kitaphanalaryň işini has kämilleşdirmäge, halkyň ylym-bilim almak mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, döwletimiziň halkara giňişliginde kitaphana işi babatdaky maksatlaryny ösdürmäge, Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde medeniýet ulgamynyň ornuny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri açar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklap bermegi ýurdumyzyň ähli kitaphanaçylaryny has-da hyjuwly, täzeçil işlemäge ruhlandyrdy.
Ogulsere AGALYÝEWA,
Kerki etrabyndaky daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp öwredilýän
ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy.
"Watan"
01.02.2025ý №9
Çeşme: Turkmenmetbugat