
Статьи
618

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 24-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzda milli kitaphana ulgamyny ösdürmäge, oňa innowasion gazanylanlary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini, kitaphana işiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitaphanalar — paýhas öýi. Durmuşyň ähli ugurlaryna degişli edebi-çeper, taryhy we ylmy kitaplary bu ýerde aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Dürli dünýä dilleri, alys we ýakyn ýurtlaryň wekilleri, olaryň pikir-garaýyşlary, aýdan sözleri, döreden eserleri bilen tanşyp bolýar» diýip belleýär. Dogrudan-da, kitaphanalar — paýhas öýi, ruhy kämilligiň merkezi. Kitaplar dünýäsine aralaşmak bilen, biz ruhy kämillige, aň ösüşine ymtylýarys. Ýurdumyzyň kitaphanalary umumy elýeterli bilim çeşmeleri we özbaşdak bilim almagyň esasy binýady bolup durýar. Olar jemgyýetiň günsaýyn artýan ruhy islegini kanagatlandyrmak bilen köpçüligiň medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde kitaphana ulgamy ygtybarly ösdürilýär, sanly ulgam ornaşdyrylýar, okyjylara ýokary hilli kitaphana hyzmatlary hödürlenilýär. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi muňa aýdyň subutnamadyr.
«Medeniýet hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanylan Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimizden ugur alnyp has-da kämilleşdirilmegine uly goşant bolar. Çünki bu resminama laýyklykda, kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň hasabyna dürli neşir önümlerini, şol sanda has köp okalýan kitaplary, okuw-usulyýet, ylmy edebiýatlary, çeper eserleri, ensiklopediýalary, sözlükleri neşir etmek hem-de kitaphanalara ýaýratmak göz öňünde tutulýar.
Ýeri gelende bellesek, türkmen halky kitaby gymmatly hazyna, paýhas çeşmesi hasaplamak bilen, umumadamzat ýadygärliginiň edebi jemlenmesi hökmünde oňa örän aýawly çemeleşýär. Kitap halkymyzda mukaddeslik derejesinde eý görülýär, sarpalanýar. Muňa belli ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ajaýyp eseri heniz mekdep partasynda wagtymyz okap, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanyny guba düýä çalşan Welmyrat aganyň keşbi arkaly kitap diýen gymmatlygyň jadylaýjy güýjüne göz ýetirýäris.
Ýene bir mysala ýüzleneliň! «Gülpam» dessanyny okan ýa-da diňlän bolsaňyz, şeýle bir waka bolmaly: Baýkara ogly Soltansöýüne wesýet edip, bir kitap ýazýar. Ömrüniň ahyrky pursatlarynda ogluna açar berýär-de: «Bu meniň genji-hazynamyň açarydyr. Şundan başga açar hazynany açmaz» diýýär. Soltansöýün: «Altyn-kümüşden dolumyka?!» diýip, hazynany açyp görse, ol ýerden birtopar kitap, atasynyň ýazan wesýetleri çykýar. Kitaplar oňa ýolgörkeziji çelgi bolýar, şonuň üsti bilen Edleti, Myralyny, Gülpamy tapýar. Ynha, kitabyň gymmatynyň çeper edebiýatdaky ýene bir kämil durmuşy teswiri.
Bu mysallar halkymyzyň medeni-aň derejesini ýokarlandyrmaga, nesil terbiýesinde kitaplaryň ornuna aýratyn ähmiýet berendigini görkezýär. Kitap okamak endigini, kitaba söýgini mizemez ýörelgä öwren ata-babalarymyzyň şol ýolunyň häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilmegi, raýatlarymyz, aýratyn-da, ýaş nesillerimiz üçin bu babatda ähli şertleriň döredilmegi bizi diýseň buýsandyrýar. Hususan-da, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamy gerekli bolan islendik edebiýaty tiz wagtda tapmaga, wagty tygşytlap, esasy ünsi zerur kitabyňa gönükdirmäge ýardam edýär. Munuň özi sanly ulgamyň ýaşaýyş-durmuşymyza eçilýän sansyz mümkinçilikleriniň biri bolup, innowasion tehnologiýalaryň kitaphana işine işjeň ornaşdyrylýandygyny görkezýär.
Bir söz bilen aýdanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýhas öýi bolan kitaphanalaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy hem-de yzygiderli kämilleşdirilmegi halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Çünki paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr. Goý, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Döwran DURDYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
"Nesil"
01.02.2025ý №9
Çeşme: Turkmenmetbugat