
Статьи
868

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Medeniýet hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmakdan, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdyr. Täze tehnologiýalaryň asyry bolan häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap ylym-bilim bermek, olaryň dünýägaraýşyny ösdürmek üçin elektron kitaphanalaryň işini tizleşdirmek, munuň üçin zerur çäreleri durmuşa ornaşdyrmak meseleleri hem bu maksatnamada aýratyn möhüm orny eýeleýär. Elektron kitaphana, adyndan belli bolşy ýaly, sanly ulgam taslamalarynyň biridir. Bu iş ýurdumyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary bilen ýola goýulýar. Elektron kitaphana bir bitewi kitaphana toruny kemala getirmekde, okyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda, sanly ösüş tehnologiýasynda işleri ilerletmekde wajyp orny eýeleýär.
Kitaphanalarda elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, bu babatdaky işleri mundan beýläk-de sanly ulgama geçirmek, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kitaphanalaryna usulyýet kömegini hem-de ylmy maslahatlary bermek meselesi elektron kitaphananyň esasy wezipesi bolup durýar. «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynda beýan edilişi ýaly, elektron kitaphana kitaphana gaznasynyň elektron görnüşidir, fiziki we ýuridik şahslara olara bolan elýeterliligi bermek üçin niýetlenen, kitaphananyň ygtyýarynda bar bolan tertipleşdirilen elektron resminamalaryň toplumydyr. Şeýlelikde, 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamy hereket edýär. Bu bolsa kitaphana işiniň köptaraply çözgütlerini amala aşyrmaga uly ýardam berýär. Häzirki wagtda, ähli kitaphanalarda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň internet ulgamynda kitaplary we žurnallary ýerleşdirmek üçin kämilleşdirme işleri giňden durmuşa geçirilýär.
Elektron kitaphana ulgamynyň peýdaly taraplary köp. Bu kitaphanalar dürli görnüşde bolup, olaryň köpüsinde gerekli maglumatlary göçürip almak ýa-da onlaýn görnüşleri üçin ýörite programmalar hereket edýär. Käbir aýratynlyklarda gerekli maglumatlary göçürip almak şertleri düýbünden ulanylmaýar. Elektron kitaphana özüniň binýadynda ähli kitaplary, gündelik neşirleri, ylmy işleri elektron görnüşde saklaýar. Şonuň üçin olaryň gereklisini tiz wagtda, haýsydyr bir maglumat saklaýjy enjamlara göçürip alyp, soňra noutbuk ýa-da beýleki kompýuter gurluşlarynda ulanyp, amatly wagtda okamak mümkinçiligi uludyr. Ylym-bilim ulgamynda bu işler wajyp ähmiýete eýedir. Has takygy, şeýle kitaplardan peýdalanmak gündelik ýüki ýeňilleşdirýär we bir wagtda dürli tema yzygiderliligini özleşdirmäge kömek edýär. Mälim bolşy ýaly, okuw kitaplarynyň zaýalanmagy aňsat bolan kagyz önümçiliginden aýrylyp, olaryň bir wagtda hemmelere deň derejede elýeterli bolmak mümkinçiligi bardyr. Kitap marketinginde-de bu ýagdaý düýpgöter peýdalydyr. Adam adaty bir kitap satyn almaly bolsa, onuň mazmunyny halajakdygyny ýa-da halamajakdygyny entek bilmeýän bolsa, onda elektron kitaphananyň hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi uly ähmiýete eýedir. Kitapdan bir parçany okanyndan soň, okyjy onuň satyn almaga mynasypdygyny ýa-da däldigini, näderejede gerekli neşirdigini öňünden kesgitläp biler. Elektron kitaphananyň ýene bir artykmaçlygy amatlylykdyr. Galyberse-de, birnäçe kitaby maglumat saklaýjy enjamlarda ýerleşdirip, ony ýanyňyz bilen alyp gitmek mümkinçiligi bar. Elektron kitaphanalaryň bulardan başga-da ençeme peýdaly taraplary bar.
Milli Liderimiziň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen elektron kitaphananyň işini döwrebaplaşdyrmak babatdaky aladalar döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Biz hem ýurdumyzda kitaphana ulgamyny ösdürmek maksady bilen kabul edilen Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Aýna ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri.
"Türkmenistan"
05.02.2025ý №31
Çeşme: Turkmenmetbugat