Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
slogan
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
О нас
Новости
Статьи
Изображения
Видео
Конкурсы - олимпиады
Войти

Статьи

Sanly bilim

Kitap okamagyň ähmiýeti

12.02.2025

367

Kitap okamagyň ähmiýeti

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» esasy maksatlarynyň biri hem okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara alyp, olarda kitap okamaga höwesi döretmek bolup durýar. Konsepsiýada göz öňünde tutulan maksatlar dünýä jemgyýetçiliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramaga taýýar, çuňňur bilimli, döredijilikli pikirlenip bilýän, watansöýüji, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetleri kemala getirmeklige we ösdürmeklige gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, kitap bilim almagyň esasy çeşmeleriniň biridir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nygtaýşy ýaly: «Kitap okan gullar magnydan dokdur». Ata-babalarymyz hem kitaba, kitap okana uly sarpa goýupdyrlar. Hatda, kitaby mukaddes nana deňäpdirler. Olar: «Okasaň bilim alarsyň, hemme zady bilersiň» diýen pähimi miras galdyrypdyrlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Okamak, ýazmak, döretmek — maşgalamyza mahsus häsiýetleriň biri. Bular bize berlen terbiýäniň esasyny düzýän aýratynlyklar. «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýerdiler. Köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmegini artdyrýar» diýip belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda «Akyl sandygy» barada şeýle setirler bar: «Birinji sandygyň agzyny açandan, onuň içindäki yhlas bilen tertipleşdirilip goýlan kitaplara gözi düşen Berdimuhamet özüni depesi baryp göge direýän beýik dagyň eteginde duran ýaly duýdy. Ýöne haçanda hat okamany, ýazmany öwrenip, aň-bilim atly mukaddes miwäniň bir gyrasyndan gädip ugrandan soň, ol düýpden başga duýgulary başdan geçirdi. Indi ol özüniň bilim-düşünjesini näçe artdyrsa, özi belende göterilip, hälki öňündäki belent dag peselip gidip oturan ýalydy». Diýmek, kitap okamak ynsany beýgeldýär, onuň dünýägaraýşyny giňeldýär, oňa ruhy baýlyk berýär.

Okuwçylarymyzyň kitap okamaklyga bolan höweslerini artdyrmak mugallymlaryň asylly borçlarynyň birine öwrülmelidir. Bu işleri amala aşyrmak maksady bilen, mekdepde aşakdaky çäreleri guramak özüniň oňyn netijelerini berer. Mekdepde kitap ýarmarkasyny geçirmek. Okuwçylaryň öz okan kitaplaryny alyp-berişmek, sowgat bermek, wagtlaýyn okamaga bermek, dürli bäsleşikleri geçirmek, kitap baradaky rowaýatlary, hekaýatlary aýdyşmak işlerini guramak. Görnükli şahsyýetleriň kitap barada aýdanlaryny wagyz etmek, surat we goşgy bäsleşigini geçirmek. Mekdebe döwrümiziň belli ýazyjy-şahyrlaryny çagyryp, duşuşyklary guramak. Şeýle hem mekdep kitaphanasynda kitaplaryň «saglyk öýüni» döretmek, onda okuwçylaryň kömegi bilen kitaplaryň zaýalanan ýerlerini abatlamak işini guramak. Bu işi guramaklyga mekdebiň kitaphanaçysy, müdiriň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary ýolbaşçylyk etmeli. Okuwçylaryň özleriniň kitap barada ýazan goşgularyny diwarlyga çykaryp we çekilen suratlaryň sergisini guramak işi uly netije berer.

Mekdepde şeýle tejribäni hem ornaşdyrsa bolar. Sapaklary, adaty bolşy ýaly, öýe berlen ýumuşlary soramakdan däl-de, eýsem, 5-6 minut kitap okamakdan başlamaly. Özi hem indiki sapakda haýsy kitabyň okalmagyny isleýändiklerini çagalaryň özünden sorap, şoňa hem taýýarlyk görüp gelmeli.

Bu işi çagalaryň özüne tabşyrsaň netijesi has hem oňat bolar. Okuwçylaryň haýsy hem bolsa biri öz okan gyzykly kitaby barada gürrüň berse we ondan bölekleri okap berse, çagalaryň höwesi has artar. Kitap okamaga çagalary gönükdirmekligi islendik dersde-de ýola goýup bolar. Meselem, çagalara sorag bermeli we şol soragy haýsy kitapdan tapyp boljakdygyny aýtmaly. Çagalar soragyň jogabyny tapmak üçin hökmany suratda salgy berlen kitaby okamaly bolarlar. Hatda, matematika dersinden hem onuň taryhyna, görnükli alymlara degişli gyzykly maglumatlary toplamagy tabşyryp bolar, netijede, çagalaryň matematikany öwrenmäge bolan höwesi artar. Şeýle hem «Şu aýyň okyjysy (iň köp kitap okan)» bäsleşigi, «Kim kitap barada köp rowaýat, nakyl, pähim bilýär?» atly bäsleşikler guralsa we ýeňijiler yglan edilse, maksadalaýyk bolar. Bu çäreler okuwçylaryň öz bilimlerini özbaşdak okamak arkaly artdyrmagyna itergi berer. Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» atly romanynda bilimiňi özbaşdak artdyrmagyň zerurlygy barada şeýle belleýär: «Dört ýyllap dini mekdebe gatnamak bilen, Berdimuhamet, ozaly bilen, sowat öwrendi, indi ol okap-ýazyp bilýär, mundan beýläk öz güýjüň bilen bilim-düşünjäň üstüni ýetirmek zerurdy».

Alymlaryň belleýşi ýaly, kitap diňe bilimiňi artdyrmaga ýardam bermän, eýsem, biziň saglygymyza-da peýdaly täsir edýär. Meselem, kitap okamak biziň çalt garramagymyzyň öňüni alýar. Kitap okamak adamyň beýnisini işjeň ýagdaýa getirýär. Beýniniň işlemegi bolsa, garrylygy birneme haýalladýar. Kitap okamak, şeýle hem, çalt uklamaklyga ýardam berýär. Günüň dowamynda islesek-islemesek beýnimiz dürli täsirlenmelerden ýadaýar. Ýadawlykdan soňra, dynç almak üçin ýerimize geçip, uzak wagtlap uklap bilmän ýa gije ukymyzyň bozulyp, bir-iki sagatlap çirim etmän oturýan wagtlarymyz bolýar. Şol wagt kitap okamak maslahat berilýär.

Mälim bolşy ýaly, dünýä jemgyýetçiliginde-de kitap okamaga uly üns berilýär. Görnükli çagalar ýazyjysy bolan daniýaly Gans Hristian Anderseniň doglan güni Çagalar kitabynyň halkara güni hökmünde esaslandyrylan, has takygy, 1967-nji ýyldan bäri Çagalar kitaby boýunça Halkara Geňeşiniň (International Board on Books for Young People, IBBY) başlangyjy we karary bilen her ýylyň 2-nji aprelinde Çagalar kitabynyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär.

«Men mekdep okuwçylarymyzyň döwlet bäsleşiklerinde hem, halkara bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryna buýsanýaryn. Sebäbi kuwwatly döwletiň ösüşi ylym-bilim bilen baglydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýär. «Ýüz okasaň — ýat, müň okasaň — binýat» diýip, ata-babalarymyz hem bilimiň yzygiderli we dowamly bolmagyny pent edipdirler.

Hemra ARAMEDOW,

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri.

"Mugallymlar gazeti"

12.02.2025ý №13

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Похожие статьи

Наши партнеры

Цифровые системы

Правила использования данныхПолитика конфиденциальности
Контакт

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Наш адрес

744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136

Инновационный информационный центр. Все права защищены. 2024