Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
slogan
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
О нас
Новости
Статьи
Изображения
Видео
Конкурсы - олимпиады
Войти

Статьи

Sanly bilim

Milli terbiýe — asylly ýörelge

17.02.2025

232

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, asyrlardan geçip gelýän milli däp-dessurlary, gadymdan gözbaşly medeniýeti bar. Bu gymmatlyklar halkymyzyň baý geçmişini, milli ýörelgelerini aýdyň beýan edýär. Şeýle ajaýyp gymmatlyklarymyzy wagyz etmekde we ýaş nesillere öwretmekde giň mümkinçilikler döredilendir.

Nesil terbiýesi halkymyzyň asylly ýörelgelerinde kämilleşip gelen nusgalyk mekdepdir. Bu asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp döwrümizde ylmy esasda öwrenilýär we giňişleýin wagyz edilýär. Bu gymmatlyklary öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary uly gollanmadyr. Alym Arkadagymyzyň öwüt-ündewe, terbiýä ýugrulan nusgalyk kitaplarynda ata-babalarymyzyň ençeme däp-dessurlary we tymsallary hakynda, olaryň nesil terbiýesindäki orny barada giňişleýin beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, ylym-bilimiň terbiýäniň özeni bolup durýandygyny nygtaýan Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň bular hakynda döreden rowaýatlaryna, tymsallaryna atalar sözüdir nakyllaryna-da uly orun berýär.

Türkmen halkyna mahsus bolan zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, hoşniýetlilik, agzybirlik, watansöýüjilik ýaly düşünjeleriň ýaş nesle öwredilmegi, olaryň aňyna rowaýatlaryň we tymsallaryň üsti bilen ýetirilmegi has hem özüne çekijidir. Şöhratly geçmişde oguz türkmenleriniň ýörelgesinden gözbaş alyp gaýdýan bu häsiýetleri ösüp gelýän nesillerimizde kemala getirmek häzirki döwrüň derwaýys ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman

Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli». Şu parasatly sözlerden ugur alyp, ýaş nesilleri watansöýüji, milli ýörelgelere wepaly edip kemala getirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Pähimdar pederlerimiz uzak geçmişiň dowamynda paýhasly sözleri, nakyllary döredipdirler. Bu paýhaslar döwürleriň synagyndan geçip gelipdir. Şeýle nakyllarda dilimiziň baýlygy, milliligimiz, milli medeniýetimiz jemlenendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan dil baýlyklarymyzy öwrenmek, nakyllary, pähimleri wagyz etmek işleri alnyp barylýar.

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden rowaýatlary, tymsallary, atalar sözleridir nakyllary nesil terbiýesinde örän ähmiýetlidir. Milli terbiýäniň ýörelgeleri esasynda ýaşlara öwüt-ündew etmek, olara ýagşylyklary, il-güne wepaly bolmaklygy öwredip durmak örän zerurdyr. Şunda nakyllaryň yzygider aýdylmagy, atalar sözlerden mysal getirilmegi örän täsirlidir. Çünki parasatly sözler ýaşlarda ýagşy häsiýetleri kemala getirmek bilen çäklenmän, eýsem, hoş sözli bolmagy, ene dile sarpa bilen garamagy hem öwredýär. Edep-terbiýä degişli nakyllaryň käbirine ýüzlenmek gerek: «Adam bir ýaşar, edebi — iki», «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan», «Adam görki — akyl, söz görki — nakyl», «Akylly ogul — hümmetli, akylly gyz — gymmatly», «Akylly ogul hem edep, hem talap», «Altyn alma, alkyş al», «At aýlanyp gazygyny tapar, är aýlanyp ilini tapar», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser», «Edep başy — dil». Şeýle nakyllar halkymyzyň gymmatly hazynasydyr, ruhy baýlygydyr. Bu gymmatly sözlerde ynsanperwerlik, watansöýüjilik, il-güne wepaly bolmak, ene dilimizi sarpalamak ýaly edep-terbiýe wagyz edilýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde bu nakyllary ýaş nesillere öwretmekde orta mekdeplerde mugallymlar hem, maşgalada ata-eneler hem uly orun eýeleýär. Çünki nesil terbiýesi biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde halk döredijilik eserleriniň hem uly ornunyň bardygyny belläsimiz gelýär. «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlary ýaly halkymyzyň döreden eserlerinde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, il-güne wepalylyk, dost-doganlyk ýaly ýörelgeler beýan edilýär. «Gorkut ata» şadessanynda nesil terbiýesi, edepli ogul hakynda giňişleýin beýan edilýär. Bu gymmatly eserde ogluň atadan görmese, saçak ýazmaýandygy, gyzyň eneden görmese, edep almaýandygy beýan edilýär. Şundan görnüşi ýaly, terbiýeçilikde edep kadalary ata-enäniň görüm-göreldesinden, ýagşy sözlerinden gözbaş alýar. Şöhratly taryhymyzda nusgalyk ýol goýan Gorkut ata, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Nurmuhammet Andalyp we beýleki şahsyýetlerimiziň baý edebi mirasy nesil terbiýesinde nusgalyk mekdepdir. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde geçmiş mirasymyz ylmy esasda öwrenilýär, dana akyldarlarymyzyň eserleri çap edilip, okyjylara ýetirilýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaş nesillere döwrebap bilim öwretmek, milli ruhda terbiýelemek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu asylly işlerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryny ýol-ýörelge edinýäris. Munuň özi ylym-bilimde, nesil terbiýesinde has-da üstünliklere ýetmäge ýardam berýär. Milli medeniýetimizi, gadymdan gelýän ýörelgelerimizi ýaşlara öwretmekde, dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Göwher NURYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.

«Mugallymlar gazeti»

17.02.2025ý №14

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Похожие статьи

Наши партнеры

Цифровые системы

Правила использования данныхПолитика конфиденциальности
Контакт

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Наш адрес

744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136

Инновационный информационный центр. Все права защищены. 2024