
Статьи
698

Başlangyç bilim baş binýatdyr. Şonuň üçin orta mekdepleriň başlangyç synplarynda berilýän bilim, terbiýe iň möhüm basgançak bolup durýar. Okuw maksatnamalaryna laýyklykda, başlangyç synplarda dürli derslerden ilkinji düşünjeler berilýär we olara degişli başarnyklar we endikler kemala getirilýär. Öwrediji oýunlar çagalary akyl taýdan ösdürmekde möhüm serişde bolup durýar. Olar çagalarda bilesigelijiligi oýandyrýar, psihiki hadysalaryny (akyl ýetirijiligi, logiki pikirlenmäni, duýgurlygy we şuňa meňzeşleri) işjeňleşdirýär. Oýun mahalynda çagalar ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürýärler, kynçylyklary ýeňip geçmegi öwrenýärler, öz güýçlerini synap görýärler. Öwrediji, bäsleşik görnüşli oýunlar öwrenilýän her bir maglumatyň gyzykly bolmagyna ýardam berýär, ony öwrenmegi ýeňilleşdirýär.
Çagalaryň oýna höwesli gatnaşmaklaryny gazanmak, onuň gyzykly bolmagyny üpjün etmek üçin onda bäsdeşlik we ýaryş häsiýetleriniň bolmagyna pugta üns bermek möhümdir. Şunlukda, oýnuň şowhunlylygyny artdyrmak (ýaryşy gyzyklandyrmak) üçin toparlaryň hereketlerine baha bermekde ýyldyzjyklary synp tagtasynda çyzmak, baýdajyklary görnükli ýerde goýmak peýdalydyr. Sapagyň ahyrynda oýnuň jemini jemläp, toparlaryň her biriniň oňat hereketlerini aýtmaly. Bäsleşik görnüşli oýny derňew etmeklige okuwçylaryň özlerini çekmek peýdalydyr. Şonda ony gowşak okuwçylaryň pikirlerini bilmekden başlamak has-da netijeli bolar. Oýunlary öz guraýan sapaklarymda ulanýaryn. Bu bolsa çagalaryň matematika sapagyna bolan höwesini artdyrýar.
«Kim iň ünsli?» atly bäsleşik görnüşli oýnumyzda çagalaryň berlen toparlardaky meňzeşligi we tapawudy (aýratynlygy) görmek, toparlary deňeşdirmek başarnyklaryny artdyrýar.
Bäsleşik görnüşli öwrediji oýunlar çagalarda sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, özbaşdak pikirlenmek ukyplarynyň ýokarlanmagy, hasaplaýyş başarnyklarynyň kämilleşmegi üçin goşmaça ýumuş hökmünde peýdalanylýar.
«Halkalaýyn mysallar» atly öwrediji bäsleşigimiz çagalaryň çalt hasaplamak başarnyklaryny, ünslüligini ösdürmäge niýetlenendir. Munda synp tagtasynda birnäçe mysallar ýazylýar.
5+4 7+1 6-1
8-5 3+3 9-2
Okuwçylar mysallary işleýärler hem-de olary biriniň jogaby beýlekiniň birinji agzasy görnüşinde ýerleşdirýärler. Eger şonda iň soňky mysalyň jogaby ilkinji mysalyň birinji agzasy bolsa, onda berlen mysallaryň dogry ýerine ýetirilendigini aňladýar. Bu bäsleşigi öňde görkezilen mysallaryň her birini bir kagyza ýazyp, olary soňky mysalyň birinji agzasy öň ýanyndaky mysalyň jogaby bolar ýaly edip ýerleşdirmek arkaly, her okuwçynyň özbaşdak işlemegi görnüşinde hem guramak bolýar.
Matematika sapaklarynda esasy temadan daşary ýumuş hökmünde gündelik adaty sapaklaryň guralyşyny üýtgetmek maksady bilen, bäsleşik görnüşli we öwrediji oýunlar, ýaryşlar çagalaryň sapaga bolan işjeňligini artdyrýar. Munda çagalary tapawutlandyryp bahalandyrmak, höweslendiriji şekiljikleri sowgat bermek has hem täsirli serişdeleriň biridir.
Taýmaz HOMMANOW,
Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti"
12.03.2025ý №24
Çeşme: Turkmenmetbugat