Aşgabat
Статьи
39
Her bir mugallym okuwçylaryň akyl ýetirijilik ukyplaryny ösdürmek, pikirlenmek endiklerini kämilleşdirmek, gözýetimini, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmak ugrunda işjeň çemeleşmelidir. Mugallymyň öz üstünde yzygiderli işläp, bilimini artdyryp, tejribesini baýlaşdyryp durmagy möhümdir. Mugallym täze taryhy maglumatlary okuwçylaryň aňyna nähili ýagdaýda ýetirmelidigi ugrunda aladalanmalydyr. Okuwçyda öwrenilýän her bir taryhy maglumatlara bolan höwesi döretmezden, onuň akyl ýetirijilik ukybyny ösdürmek mümkin däl. Şoňa görä-de, sapaga gyzyklanma döretmek möhüm mesele bolup durýar. Şonuň üçin okuw-görkezme esbaplarynyň dürli görnüşlerinden, taryhy kartalardan, reňkli suratlardan, tehniki serişdelerden ýerlikli peýdalanyp bilmek, okuwçylaryň özlerini işjeň gatnaşdyrmak, elbetde, olary sapaga höweslendirmegiň ygtybarly ýollarynyň biridir.
Görkezme esbaplaryndan peýdalanyp okatmak bilimiň iň oňat usulydyr. Her bir sapakda temany gyzykly, manyly geçmek üçin görkezme esbaplarynyň, taryhy kartalaryň, taryhy seneleriň ýazgylarynyň, şahsyýetleriniň reňkli suratlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Şeýle edilen ýagdaýynda okuwçylaryň ünsüni öwrenilýän okuw materialyna çekmek, olaryň bilimlerini berk özleşdirmeklerini, uzak wagtlap ýatda saklamaklaryny gazanmak mümkin. Bu kömekçi serişdeler her bir synpda öwrenilýän okuw sapagynyň aýratynlygyna laýyklykda, täze tema düşündirilende-de, berkidilende-de, okuw maglumatlary gaýtalananda-da, okuwçylar bilen özbaşdak işler guralanda-da, bilimleri barlanylanda-da üstünlikli peýdalanylýar. Dersler boýunça otaglar abzallaşdyrylanda, öwrenilýän ugurlar boýunça ähli görkezme esbaplary ýerleşdirilende anyk göz ýetirilip, seljerip goýulmalydyr. Elbetde, ýerbe-ýer goýlan görkezme esbaplary, ýazgylary ýerlikli peýdalanmak mugallymyň başarnygyna, ukybyna baglydyr. Taryh dersi okadylanda, esasy wezipe okuwçylara oýlanmagy we taryhy wakalardan baş çykarmagy, öwrenilýän taryhy maglumatlar boýunça netije çykarmagy öwretmekden ybaratdyr. Häzirki zaman okuw serişdeleri, esbaplary okuw işiniň netijeliliginiň, hiliniň, okuwçylaryň bilesigelijiliginiň, işjeňliginiň ýokarlandyrylmagynda mugallymyň iň degerli gollanmalarydyr. Mysal üçin, taryhyň geçen şöhratly ýolunda guran döwletleri, olaryň ýerleşen ýerleri, ilaty, tutan meýdanlary, ýaşan ýyllary hakynda gürrüň edilip sapak guralanda görkezme usulyndan peýdalanmazdan, okuwçylara çuňňur düşünje bermek kyndyr. Şonuň üçin tema degişli görkezme esbaplaryny taýýarlamaga, olary ýerlikli peýdalanmaga uly üns berilmelidir. Görkezme esbaplary, tehniki serişdeler esasynda guralan sapaklaryň oňat netije bermegi mugallymyň döredijilik ukybyna baglydyr. Mugallym görkezme esbaplaryny peýdalanmakda öz öňünde kesgitli maksat goýmagy başarmalydyr. Mysal üçin, 10-njy synpda «Türkmenleriň ekerançylyk hojalygy» diýen temada XVIII asyra degişli suratlar ulanylanda maksadalaýyk bolar, sebäbi şonda ekin ekip ýören daýhanlaryň, goýun sürüsini bakyp ýören çopanyň suraty görkezilende, okuwçy halkymyzyň şol döwürde ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanandygyna akyl ýetirýär. Mugallym sapaga taýýarlananda, geljek sapakda haýsy çeşmä ýüzlenjekdigi, nähili suratlary, sene ýazgylaryny, taryhy kartany temanyň niresinde ýerlikli peýdalanjakdygy barada oýlanmalydyr.
Şirin ANNAGELDIÝEWA,
Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Инновационный информационный центр. Все права защищены. 2024