
Статьи
572

«Kitap — bilimleriň çeşmesi» diýen düşünje biziň kalbymyza çagalykdan guýuldy. Ol, hakykatdan hem, şeýle. Ilkinji gezek mekdep gapysyndan ätlän körpe balalar bilimler dünýäsiniň ilkinji basgançaklaryndan ädimläp başlaýarlar. Harplyk döwri başlanýar. Olar bu döwürde özlerine gyzykly bolan harplary öwrenip, ol harplaryň birikmeginde sözüň emele gelýändigine göz ýetirýärler. Şeýde-şeýde harplar oňat özleşdirilenden soňra, sözleriň düzüminden sözlemiň emele gelýändigine düşünýärler, köp sözlemlerden düzülen teksti hem okamagy öwrenýärler.
Ylym-bilim kitap arkaly öwrenilýär. Kitap okamak bilen diňe bilimiň artdyrylman, eýsem, dünýägaraýşyň giňeýär, düşünjäň artýar. Pederlerimiziň «Köp okan — köp biler» diýen gyzyla gaplaýmaly sözi bize şu günlerimizde-de ýakyndan ýardamçy bolýar. Kitaplar orta mekdeplerde bilim alýan ýaş nesle ders öwredýän bolsa, ýokary okuw mekdeplerinde hünär öwrenýän ýaşlarymyza ylymlar dünýäsine gapyny açýar.
Häzirki döwürde ýaşlarymyz okajak kitaplaryny internet ulgamynyň üsti bilen hem tapyp, peýdalanyp bilýärler. Arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasynda kitaplary, hususan-da, çeper edebi kitaplary köp okap, ýakyn dost tutunmagyň peýdasy uludyr. Kitap okamak bilen durmuşa, ýaşaýşa bolan garaýşyň düýpgöter özgerýär. Eşretli ertirimiz bolan ýaşlarda kitaba bolan sarpany, hormaty ösdürmek babatda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýazyjydyr şahyrlar bilen duşuşyklar guralýar, çeper okaýyş bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan ata Watanymyz ähli babatda uly ösüşlerdir özgerişlere eýe bolýar. Ylaýta-da, şu günki türkmen ýaşlarynyň bilim ulgamynda halkara derejede geçirilýän ylym-bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, gazanýan üstünlikleri biz — bilim işgärleriniň buýsanjyny, guwanjyny artdyrýar.
Gunça HOJAGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň müdiri.
"Mugallymlar gazeti"
Çeşme: Turkmenmetbugat