Aşgabat
Новости
23
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak pata bermeginde Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjeginde açylyp ulanylmaga berlen mertligiň milli mekdebiniň nyşanyna öwrülen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Bedimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde tanyşlyk maksatly medeni gezelençde boldular.
Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň adyny buýsanç bilen göterýän harby mekdebiň täze döwrebap binalar toplumynda kämil nesli kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigine göz ýetirdiler. Harby mekdebiň okuw we dolandyryş binasynda ýerleşdirilen Berdimuhamet Annaýewiň eli kitaply, harby lybasly keşbi parahatçylyga, ylym-bilimlige, watansöýüjilige çagyrmak bilen, Watan goragçylaryny harby bilimi çuňňur özleşdirmäge ruhlandyrýar. Onuň bu ýerde ýerleşdirilen «Dowamat dowam bolsun... Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» sözleri döwürleriň belent senasy bolup, kalbymyza dolýar. Ussat mugallymyň elinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitabynyň şekillendirilmegi adamzat paýhasyny özünde jemlän akyldar şahyryň döredijiliginiň watançy esgeriň hemişelik durmuş ýörelgesine öwrülendigini alamatlandyrýar. Edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoluna bagyşlanan interaktiw muzeý, elektron kitaphana, okuw otaglary harby okuwçylaryň tebigy zehinlerini ösdürmekde, häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyklykda, döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Harby okuwçylar sanly ulgamyň iň soňky gazananlaryny şöhlelendirýän uçarmansyz uçýan enjamlaryň kömegi bilen nazary bilimlerini tejribe arkaly güýçlendirip bilýärler.
Özboluşly binagärlik aýratynlygyna eýe bolan bu harby mekdebiň giň hem ýagty zallarynda ýerleşdirilen nakgaşlyk eserleri hem-de diwarlyklar döredilipdir. Mekdebiň täze binalar toplumyndaky taktiki söweşe taýýarlyk otagynda, lazerli türgenleşik otagynda, «Bodyflaýt» okuw zalynda, okuw, sport binasynda gurnalan paraşýut simulýatorynda hem-de ýörite niýetlenen atyşhanada harby okuwçylara harby tehnikalara, ýaraglara erk etmegiň inçe tilsimleri, harby-meýdan şertlerinde ýerine ýetirilmeli emelleri öwretmek üçin ähli döwrebap enjamlar oturdylypdyr. Okalga zalynyň, küşt, geografiýa, astronomiýa, topografiýa otaglarynyň, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegi öwrenmäge niýetlenen otagyň, ýaş radio söýüjileriň, fizika, himiýa tejribe otaglarynyň ýerleşdirilmegi serkerde-mugallymlarda we harby talyplarda uly gyzyklanma döretdi we çuňňur täsir galdyrdy.
Nurýagdy Akmämmedow, TDBGI-niň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary.
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Takyk ulgam. Все права защищены. 2024