Aşgabat
Новости
113
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar bilen geçýän üstümizdäki ýylyň 27 – 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hünärmenleri goňşy döwlet Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada Neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň (CADAP) çäklerinde guralan we geçirilen «Neşe serişdelerini ulanmagyň öňüni almak boýunça tälimçiler üçin sebit okuw maslahatyna» gatnaşdylar.
Sebitleýin okuw maslahatyna türkmenistanly hünärmenler bilen birlikde, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hem bilim, saglygy goraýyş, hukuk goraýyş ulgamlarynyň wekilleri hem gatnaşyp, özara pikir we tejribe alyşdylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda tejribeli halkara bilermenler zyýanly endikleriň – çilimkeşlik, naskeşlik, neşe serişdelerini ulanmak, alkogolly içgileri içmek bilen baglanyşykly zýanly endikleriň öňüni almak boýunça dünýäniň dürli döwletlerinde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem toplanylan oňyn tejribeler, şol tejribeleriň bu sebitleýin halkara okuw maslahatyna gatnaşýan tälimçimiler tarapyndan beýleki bilim işgärlerine, lukmanlara, ilatyň dürli gatlaklaryna, ilkinji nobatda hem ýaşlara öwretmegiň metodologiýasy we ýokary netijeli usullary barada gyzykly sapaklary berdiler. Olar öz çykyşlarynda ynsan saglygyna oňaýsyz täsirlerini ýetirýän zyýanly endikleriň öňüni almak, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly bilim edaralarynda – umumybilim, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde, maşgalada alnyp barylmaly işleriň many-mazmuny, usulyýet aýratynlyklary barada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda toplanan oňyn tejribeler, şu möhüm ugurda işjeň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmagyň ýollary barada jikme-jik durup geçdiler,
Sebitleýin halkara okuw maslahatyna gatnaşyjylar, şol sanda türkmenistanly bilim işgärleri hem, mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde türkmen jemgyýetine sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny ornaşdyrmak, bu ugurda milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, umumybilim berýän mekdepleriň okuw meýilnamalaryna täze girizilen ýaşaýyş-durmuş esaslary okuw dersini 1 – 10-njy synplarda okatmak boýunça toplanan baý milli tejribeler barada daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara pikir we tejribe alyşdylar.
Belli bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny goramak we berkitmek baradaky alada, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde döwletiň hemişelik aladasy bolmagynda galýar. Ýurdumyzda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny onaşdyrmaga, raýatlaryň, aýratyn-da ýaşlaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmaga, sagdyn iýmitlenmegini üpjün etmäge gönükdirilen iňňän möhüm işler, şeýle-de zyýanly endiklere, has takygy, çilimkeşlige we neşekeşlige garşy göreş çärelerini hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmak babatynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli möhüm işler munuň aýdyň delilidir. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň dolanyşygyna gözegçilik çygrynda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän we raýatlaryň saglygyny, döwlet we jemgyýetçilik howpsuzlygyny goramak maksady bilen olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmegiň kadalaryny belleýän «Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň işlenilip düzülmegi we kabul edilmegi bu möhüm ugurda aýratyn uly ähmiýete eýe boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Neşekeşlige ulaşan adam maşgala, jemgyýete, döwlete haýyrly adam bolup bilmez. Milletimiziň genofonduny gorap saklamak barada gürrüň barýarka, biziň hemmämiz öz jogapkärçiligimizi duýmalydyrys we neşekeşlige – bu örän elhenç howpuň garşysyna göreşmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmelidiris» diýip nygtap belleýär. Çünki, bu nägehanyň adam saglygyna ýetirýän zyýany juda elhençdir. Bütin dünýäde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem her ýyl neşe serişdelerini ulanmaga we olaryň bikanun dolanyşygyna hem-de Çilimkeşlige garşy göreşmek boýunça Halkara gününleriniň bellenilmegi döwletimiziň bu möhüm meselä örän uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Şol sene 1987-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek we bütin adamzada howp salýan bu nogsanlyklara garşy mynasyp gaýtawul bermek maksady bilen döredildi. Ýurtda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we çilimkeşlige garşy göreşmek we neşe serişdelerini hem-de psihotrop maddalaryny ulanmagyň öňüni almak baradaky döwlet çäreleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol çäreleriň esasy wezipeleriniň biri hem neşe serişdeleriniň we temmäki önümleriniň ýurdumyzyň çägine bikanun getirilmeginiň berk öňüni almakdan we öz wagtynda ýüze çykarmakdan, ilatyň arasynda düşündiriş-wagyz ilerini giňden ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr. Zyýanly endiklere garşy ygtybarly göreşmekde uly meşhurlyga eýe bolan köpçülikleýin bedebterbiýä we sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine häzir türkmen jemgyýetinde aýratyn orun berilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde iň häzirki zaman sport toplumlarynyň, ähi amatlyklary bolan stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş meýdançalarynyň, döwrebap şypahalaryň, halkara saglyk merkezleriniň gurluşygynyň hem-de yzygiderli ulanmaga berilmeginiň giňden ýaýbaňlandyrylandygyny bellemek buýsançlydyr.
Adamyň saglygy, köp babatlarda, onuň sagdyn durmuş ýörelgesine we ýaşaýyş-durmuş şertlerine baglydyr. Ömür dowamlylygynyň yzygiderli uzamagy hem adamyň ýaşaýyş-durmuşynyň usulyny, jemgyýetde özüni alyp barmagyň kadalaryny hem-de saglyk ýagdaýyna hemişe esewan etmegiň düzgünlerini saýlap almagy we olary berjaý etmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi ynsanyň fiziki işjeňligini ösdürmäge, saglygyny berkitmäge, zähmete bolan ukyplylygyny artdyrmaga we uzak ýaşamagyna amatly şertleri döredýär.
Hemişe nesil terbiýesini ündäp, ony belende göteren hem-de adamzat ýaşaýşynyň köp ugurlary boýunça düýpli pikir ýöreden parasatly türkmen şahyry Magtymguly Pyragy saglyk we ony goramak barada hem gymmatly pent-nesihatlary edipdir. Bagtyýar ýaşaýyşyň özeni bolan ynsan saglygyny goramaklygyň hemme zamanlarda hem esasy wezipeleriň biri bolandygy ikuçsyzdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän ajýyp kitaplarda hem ynsan saglygynyň gymmaty, ony goramak we berkitmek baradaky ylmy maglumatlar giňişleýin beýan edilen.
Saglygy üpjün etmek, keseliň öňüni almak diňe bir lukmanlara degişli bolman, eýsem, ilkinji nobatda her bir ynsanyň göniden-göni özüne bagly bolup durýar. Ýaşaýyş-durmuşynda adamyň öz biperwaýlygy, goýberýän ýalňyşlygy sebäpli, saglyga zyýan ýetirýän ýagdaýlaryň duş gelýändigini bellemek gerek. Meselem, çilimkeşlik, neşekeşlik, alkogolly içgileri içmek ýaly zyýanly endiklere baş goşmak bu aýdylanlaryň mysallarydyr.
Sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşyjylar halkara derejeli tejribeli bilermenleriň beren sapaklaryny diňlemek bilen birlikde, kiçi toparlara bölünip, tabşyrylan özbaşdak ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Olar şunda öz ýurtlarynda ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň öňüni almakda, olara sagdyn dürmuş ýörelgesiniň kadalaryny öwretmekde we bu möhüm ugurda zerur başarnyklary we endikleri terbiýelemekde toplanan tejribeleri hem giňişleýin beýan etmäge mümkinçilik tapdylar. Türkmenistanly bilim işgärleri şu möhüm meselede geçen 2024-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň başda durmaklarynda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde uly dabaralara beslenip toýlanan beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiliginde ynsan saglygy baradaky gymmatly nesihatlaryň nesil terbiýesinde iňňän uly ähmiýete eýe bolup durýandygyna okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdiler.
Ýeri gelendebellesek, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hassa bolmankaň, saglygyň gadryny bilmäge, ony goramaga ähli ynsanlary çagyrypdyr. Ol «Ölmesden burun» atly ajaýyp şygrynda muny düşündirmek üçin köp sanly jaýdar tymsallary getiripdir. Magtymguly Pyragy saglygyň gadryny bilmegi, onuň şükirini kylmagy ündände, onki süňňüň abat, ýerli-ýerinde bolup, synasagat ýaşamagyň uly bagtdygyny öwran-öwran belleýär. Beýik akylar şahyr çilim, nas ýaly ynsan saglygyna zyýan ýetirýän «Çilim» , «Çilimkeş», «Çilim çekmegil», «Munda çilimkeş» ýaly çuňňur many-mazmuna ýugrulan ajaýyp şygyrlarynda çilimiň adam saglygyna ýetirýän zyýanlary sanalyp görkezilipdir. «Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil» diýip nesihat edipdir. «Nas atan», «Naskeş» atly şygyrlarynda bolsa, akyldar şahyr temmäki önümi bolan nasyň hapysalykdan başga, agyz boşlugynda döredýän ýakymsyz ysyny berk ýazgarýar. Meşhur şahyryň ynsan saglygy we onuň gadyr-gymmaty baradaky çuňňur many-mazmunly ajaýyp şygyrlar toplumyny ýöne ýerden döretmändigine beýik söz ussadynyň şahyrana döredijiligi bilen içgin tanyş bolanyňda göz ýetirmek kyn hem däl. Çünki, beýik akyldaryň örän jaýdar nygtap belleýşi ýaly, «Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy». Şol gymmatly baýlygyň gadyr-gymmaryny bilmegi, ony ezizlemegi ýaş nesle yzygiderli öwretmekde, olarda bu babatda zerur başarnyklary we endikleri terbiýelemekde bilim ulgamynyň işgärlerine möhüm wezipe degişli bolup durýar. Şol möhüm meseläni döwrüň talaplaryna laýyk derejede çözmekde hem halkara hyzmatdaşlygyň orny uludyr.
Sapargeldi DURDYÝEW
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Bilim
işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri,
biologiýa ylymlarynyň doktory.
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Takyk ulgam. Все права защищены. 2024