Aşgabat
Новости
133
12-nji martda Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň bilelikde guramagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda dabaraly duşuşyk geçirildi.
Duşuşyk «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna», türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatsöýüjilikli başlangyçlarynyň ähmiýetine, türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerine bagyşlandy. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary çykyş edip, parahatsöýüjilik ýörelgeleriniň halkymyzyň taryhy bilen içgin baglanyşyklydygyny anyk taryhy mysallar arkaly gürrüň berdiler. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby esasynda Şükür bagşynyň edebi keşbi, meşhur alym, pir, hökümdarlaryň geňeşçisi Mäne babanyň agzybirlik we döwletlilik ýörelgeleri, watansöýüjiligiň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ajaýyp nusgasyny görkezen Tumar şa, Beýik Ýüpek ýolunyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti baradaky maglumatlar talyplarda örän uly täsir galdyrdy. Her çykyşdan soň, olaryň teatryň ussat artistleri tarapyndan sahnalaşdyrylan görnüşleriniň görkezilmegi Magtymguly Pyragynyň «Eşiden deň bolmaz gören göz bile» diýip belleýşi ýaly, talyplaryň taryhy wakalara has anyk we aýdyň düşünmeklerine mümkinçilik berdi.
Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplarynyň şöhratly taryhymyzy beýan etmekde gymmatly gollanmadygy aýratyn bellenilip, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözleri belentden ýaňlandy.
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Takyk ulgam. Все права защищены. 2024