Aşgabat
Новости
51
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin umumy biologiýa okuw kitaby (awtorlary: S.Durdyýew, P.Kepbanow, S.Goşaýewa, R.Mahmatkulowa. Umumy biologiýa. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025. – 142 sah.) neşir edildi.
Bu okuw kitaby Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» anyk kesgitlenen maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlandy.
Täze okuw kitabynyň mazmuny girişi, üç bölümi, sekiz baby, otuz dört paragrafy we goşmaçany özünde jemleýär. Okuw kitabynyň girişinde biologiýa ylmynyň maksatlary we wezipeleri, biologiýa ylmynda ulanylýan barlag usullary barada zerur bilimler beýan edilen.
«Öýjük ─ ýaşaýşyň esasy gurluş birligi» atly birinji bölümiň düzüminde jemi 4 bap we 15 paragraf ýerleşdirilen. Olaryň mazmunynda öýjügiň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri, öýjügiň himiki düzümi, öýjügiň energiýa üpjünçiligi, neslegeçijilik informasiýalary we olaryň öýjükde nesilden-nesle geçişi baradaky düýpli (fundamental) biologik düşünjeleriň toplumy öz beýanyny tapýar. Şol düşünjeler biologiýa ylmynda gazanylan iň soňky ylmy açyşlara we täze maglumatlara esaslanýar.
«Organizmleriň köpelişi we ösüşi» diýlip atlandyrylan ikinji bölümiň mazmuny 1 baby we 6 paragrafy öz içine alýar. Okuw kitabynyň şol paragraflarynda öýjügiň bölünişiniň görnüşleri (mitoz we amitoz), organizmleriň köpelişiniň görnüşleri (jynsly we jynsly köpeliş), meýoz, düwünçegiň ösüşi döwürleri, düwünçekden soňky (postembrional) ösüş baradaky umumy biologik düşünjeler beýan edilip, olar ýokary synp mekdep okuwçylarynyň ýaşaýyş we onuň esasy hadysalary baradaky ylmy dünýägaraýşyny giňeltmäge we ösdürmäge ýardam edýär.
Täze okuw kitabynyň üçünji bölümi «Genetikanyň we seleksiýanyň esaslary» diýlip atlandyrylan. Bu bölümiň mazmuny 3 baby we 13 paragrafy özünde jemleýär. Olarda neslegeçijilik hadysalarynyň esasy kanunalaýyklyklary, G.Mendeliň birinji, ikinji, üçünji kanunlary, olaryň janly organizmlerde ýüze çykyş aýratynlyklary baradaky möhüm biologik düşünjeler beýan edilen. Organizmleriň üýtgeçjiliginiň kanunalaýyklyklary, şeýle hem howanyň ählumumy möçberde üýtgemeginiň janly organizmleriň neslegeçijiligine we üýtgeýjiligine ýetirýän tasiri baradaky täze bilimler bu okuw kitabynyň bilim berijilik gymmatyny has-da ýokarlandyrýar.
Seleksiýa baradaky bilimleriň toplumynda Türkmenistanda medeni ösümlikler we öý haýwanlary bilen geçirilen seleksiýa işleri, olaryň guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikleri baradaky gymmatly maglumatlar möhüm orny eýeleýär. Olarda ýurdumyzda esasy strategiki ekinler hasaplanýan gowaçanyň we bugdaýyň seleksiýasy, şeýle hem bakja ekinleriniň we beýleki medeni ösümlikleriň seleksiýasy boýunça geçirilen ylmy-barlag işleri, bu möhüm ugurda gazanylan netijeler baradaky täze maglumatlar bar. Türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda halk seçgiçiliginiň (seleksiýasynyň) netijesinde döreden we uumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulan behişdi ahalteke bedewlerimiz, şeýle hem saryja we garaköli tohumly dowarlarymyz, türkmen arwana düýesi, türkmen alabaýy we türkmen tazysy, olaryň döredilişi baradaky gymmatly maglumatlar berlen we owadan suratlar ýerleşdirilen.
Ýeri gelende bellesek, okuw kitabynda ýerleşdirilen jemi 52 sany dürli suratlar hem-de 7 sany tablisa onda beýan edilen maglumatlaryň okuwçylar üçin düşnükli we gyzykly bolmagyna ýardam eder.
Okuw kitabynyň her paragrafynyň ahyrynda beýan edilen soraglar we ýumuşlar «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» maksatlarynda we wezipelerinde kesgitlenen zerur başarnyklary, has takygy, funksional başarnyklary kemala getirmäge we ösdürmäge gönükdirilen.
Okuw kitabyna goşmaçada biologiýa deriniň okuw maksatnamasynda göz öňünde tutulan tejribe işleriniň 4-siniň giňişleýin ýazgysy beýan edilen. Her bir tejribe işde onuň maksady, enjamlaşdyrylyşy, işiň gidişi, netijeleri aýry-aýrylykda görkezilen. Munuň özi okuwçylara tejribe işlerini geçirmekde ýakyndan kömek edýär, mugallyma bolsa okuwçylaryň ýerine ýetirýän tejribe işlerine umumy gözegçilik etmegi guramaga amatlylygy döredýär.
Sapargeldi Durdyýew,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini
kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Takyk ulgam. Все права защищены. 2024