
Новости
117

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gurulýan edilýän her bir binadyr desgalar diňe bir döwrebap gurluşyk taýdan däl, eýsem-de onuň seýsmik durnuklylygy, ygtybarlylygy we ulanyş howpsuzlygy nukdaýnazaryndan hem ýokary talaplara laýyk alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ylmy taýdan berk esaslandyrylmagy üçin geçirilýän çäreleriň biri hem 2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda geçirilen “Seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk” atly onlaýn okuw maslahaty boldy.
Okuw maslahatyna ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlar, talyplar, inženerler we degişli pudak edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdy. Onlaýn duşuşykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersiteti, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we kommunikasiýalar instituty, Türkmen oba hojalyk instituty hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň wekilleri duşuşyp, özara tejribe alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty Ýolly Myradow, şol kafedranyň uly mugallymy Atageldi Garajaýew, şeýle hem degişli ugurlar boýunça öňdebaryjy hünärmenler — Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň baş hünärmeni Salyh Baýmyradow we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň birinji derejeli inženeri Rahymberdi Çaryýew çykyş edip, häzirki zaman seýsmologiýasynyň esasy ugurlaryny giňişleýin beýan etdiler.
Çykyşlarda ýertitremeleriniň tebigaty, seýsmik tolkunlaryň gurluşyklara ýetirýän mehaniki täsiri, seýsmik energiýanyň siňdirilişi, binagärlik desgalarynyň berkligini ýokarlandyrmak boýunça ulanylýan usullar hem-de dünýä tejribesinde synagdan geçen inženerçilik çözgütleri aýratyn bellenip geçildi.
Türkmenistan seýsmiki taýdan işjeň zolakda ýerleşýändigi sebäpli, gurluşyk işleriniň ähli tapgyrlarynda — taslama taýýarlamakdan başlap ulanyşa girizilmegine çenli — ylmy çemeleşme, takyk hasaplamalar we halkara synaglary bilen gabat gelýän seljerme işleriniň möhüm orny bar.
Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Gurluşyk kadalarynyň (TGK) we Türkmen Döwlet standartlarynyň (TDS) ýurdumyzyň tebigy, geologik, atmosferik hem-de seýsmologik aýratynlyklary göz öňünde tutulyp yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny bellediler. Halkara tejribe, şol sanda:
Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul edýän Döwlet maksatnamalary, meýilnamalary we strategiýalary aýratyn orny eýeleýär. Şol sanda:
Awtoulag ýollary, köprüler, uçuş-meýdançalary, tuneller ýaly iri inženerçilik desgalary birnäçe ulgamy özünde jemleýär. Munuň özi ýurdumyzyň ulag-ýol infrastrukturasynyň döwrüň innowasion halkara talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändiginiň beýanydyr.
Ýol gurluşygynda ulanylýan:
Bu bolsa ýurdumyzda gurlan her bir ýolunyň, her bir köpriniň, her bir desganyň uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etmegine şert döredýär.
Şeýle hem, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri diňe bir tehniki çözgütler bilen çäklenmän, ýurdumyzyň seýsmik howpsuzlygyny halkara ölçegde üpjün edýän ulgam hökmünde ösdürilýär. Gurluşyk kadalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hünärmenleriň yzygiderli taýýarlygy ýurdumyzda gurulýan her bir binadyr desgalarda milli buýsanjymyzyň beýik nyşanyna öwrülýär.
“Seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk” atly okuw maslahaty hem hut şu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky möhüm basgançagydyr. Bu çäreleriň esasynda alnyp barylýan ylmy-amaly hyzmatdaşlyk, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriň we ministrlikleriň bilelikdäki tagallalary ýurdumyzyň durnukly ösüşine, halkymyzyň abadançylygyna, geljek nesiller üçin howpsuz we berk binýadyň döredilmegine hyzmat edýär.
Okuw maslahatynyň ähli gatnaşyjylary, çykyş eden mugallymlar, alymlar we inženerler ýurdumyzda seýsmik howpsuzlygy üpjün etmek, gurluşyk ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýola goýlan beýik başlangyçlara ýokary baha berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzynyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, ýurdumyzyň şähergurluşyk syýasatyny döwrebap esasda ösdürmekde alyp barýan beýik işleri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin möhüm ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren binýady esasynda ýurdumyzda her bir bina, her bir ýol, her bir köpri türkmen halkynyň geljegine goýlan ygtybarly sütün hökmünde peýda bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzynyň ýolbaşçylygynda gurluşyk, ulag-logistika, senagat we innowasiýa ulgamlarynda alnyp barylýan giň möçberli işler ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda seýsmik taýdan durnukly, hil taýdan ýokary binalaryň gurulmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir.
Bu ugurda kabul edilen Döwlet maksatnamalary, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, halkara tejribäniň milli kadalara üstünlikli uýgunlaşdyrylmagy — bularyň ählisi türkmen halkynyň abadançylygynyň we döwletimiziň mukaddes geljeginiň güwäsi bolup durýar.
Şonuň üçin hem, okuw maslahatynyň ähli gatnaşyjylary şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ata Watanymyzyň ösüş ýolunda gazanýan beýik özgerişleri, şeýle hem halkymyzyň asudalygy, abadançylygy ugrundaky alyp barýan beýik tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ýolly Myradow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.