
Новости
152

Aşgabat şäheriniň Ýunus Emre adyndaky 47-nji orta mekdebinde şu ýylyň 20-nji ýanwarynda mekdep kitaphanasynyň okyjylary bilen 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “At – myrat” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda şu setirler ýaňlandy:
Sag boluň, Gahryman Arkadagymyz!
Sag boluň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Biziň saýlap alan baş şygarymyz:
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –
bedew batly at-myradyň mekany!
Goý, ýaňlansyn, bagtyýarlyk mukamy!
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan ruhy-medeni mirasynda bedewlerimiz aýratyn sarpa eýe bolup, ol halkymyzyň ykbaly, mertebesi we arzuw-maksatlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyzyň “At – myrat” diýen parasatly aýtgysy hem türkmeniň at bilen baglanyşykly düşünjesiniň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýär. Mälim bolşy ýaly, behişdi bedew atlar türkmeniň uçar ganatydyr, toý-baýramlarynyň bezegidir. Şonuň üçin hem asyrlaryň dowamynda at çapmak, at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmek milli gymmatlyk hökmünde ýöredilip gelnipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ajaýyp gymmatlyklar ösdürilýär. Bedew hakynda söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplaryny bellemek gerek. Bu çuňňur manyly ajaýyp eserlerde ahalteke bedewiniň taryhy, şan-şöhraty ylmy maglumatlar bilen delillendirilip beýan edilýär. Bu bolsa her bir okyjynyň ünsüni özüne çekip, gymmatly gollanmamyz bolup durýar. Gözelligiň nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleri belent waspa mynasypdyr. Çünki halkymyz bedew atlary rowaçlygyň, ösüşiň nyşany hökmünde kabul edýär. Dilimizde berk ornaşan “bedew batly ösüşler”, ”at – myrat” ýaly ganatly sözler hem bedew atlara bolan buýsanjymyzyň aýdyň beýanydyr. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň bedew atlara goýýan sarpasy örän uludyr.
Ata-babalarymyzyň bedew atlar barada “At – myrat”, “At – döwletlilik”, “At rysgaly alnynda”, “At – ýigidiň myrady”, “At almankaň eýer al”, “At üstüne müneni tanar”, “Atly ýigit – bagtly ýigit”, “At saklamak – döwlet”, “At yzyny taý basar”, “At gylygyna eýesi belet”, “Aty baryň – ganaty bar”, “Atda wepalylyk bar”, “At sagrysyndan bilner”, “At syryny seýis biler”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Taý ata ýetirer, at – myrada”, “At basyşyndan belli, är bakyşyndan”, “Guşuň ganaty bolsa, goç ýigidiň aty bar”, “Çyn bedewler meýdanynda bellidir”, “Bedew atdyr goç ýigidiň syrdaşy”, “At aýlanyp, gazygyny tapar, suw aýlanyp – ýarygyny” diýen nakyllary türkmen halkynyň öz milli buýsanjy bolan bedewlerini beýan edýän guwanjy, söýgüsi, buýsanjy, mähri bolup asyrlardan-asyrlara, dilden-dile geçip gelýär.
Näzik Atamyradowa,
Aşgabat şäheriniň Ýunus Emre adyndaky
47-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.