
Новости
206

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri bilen ruhlanýan bilim işgärleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – be-dew batly at-myradyň mekany» ýylyny uly zähmet ýeňişlerine besleýärler. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ulgamda alnyp barylýan düýpli özgertmeler gündelik hem döwürleýin metbugatda öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynda zähmet çekýän alymlaryň, usulyýetçileriň, mugallymlaryň bedew batly ösüşlere beslenýän Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleri jahana ýaýýan wakalardan joşgun alyp ýazýan makalalaryny okanyňda, ýurdumyzyň batly gadamlar, aýgytly ädimler bilen öňe barýan ösüşlerine buýsanjyň artýar.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň täze – 2026-njy ýylyň 2-nji sany çapdan çykdy. Žurnalyň şu sanynyň başky sahypalary Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň türkmen bedewleri barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar. Syýasy sahypalarda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň “Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen köpugurly gatnaşyklary” atly makalasy ýerleşdirilip, onda ýurdumyzda bu abraýly gurama bilen alnyp barylýan işler babatda giňişleýin hem düýpli ylmy mazmunly maglumatlar berilýär. Şonuň ýaly-da, 2023-nji ýylda Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy we beýlekiler barada: “ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň maddy däl taryhy we medeni mirasyny goramak we dikeltmek baradaky işler has-da ileri tutulýar. Bu ugurda hem birnäçe anyk netijeler gazanyldy, ýagny 2015-nji ýylda “Görogly” dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda halkymyzyň «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, 2019-njy ýylda Türkmeniň halyçylyk sungat, 2021-nji ýylda Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, 2022-nji ýylda Türkmen keşdeçilik sungaty, 2022-nji ýylda Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däpleri, 2022-nji ýylda Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, 2023-nji ýylda Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri, 2025-nji ýylda Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy” diýlip bellenilýär. Onuň yzysüre Kuwwat Öwezowyň “Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby ruhy gymmatlyk” atly makalasy ýerleşdirilip, onda Gahryman Arkadagymyzyň bu beýik eseriniň milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmekdäki we geljekki nesillere ýetirmekdäki uly ähmiýeti barada aýdylýar, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde türkmen diline we onuň arassalygyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigi nygtalýar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şan-şöhrata beslenýän ruhy hem-de ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli çäreleri döwürleýin metbugatda beýan etmek maksady bilen, žurnalyň “Ylmy makalalar” atly rubrikasynda oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Pygy Baýramdurdyýewiň we awtordaşlykda Myrat Rejepgulyýewiň “Milli at üstündäki oýunlaryň çylşyrymly hereketlerini öwretmegiň ýollary”, taryh ylymlarynyň kandidaty Allaguly Berdiýewiň “Asly gadymy bedew”, Orazgeldi Öwezsähedowyň “Orta asyrlar Gündogar edebiýatynda bedewiň keşbi”, taryh ylymlarynyň doktory Bike Diwangulyýewanyň “Medeni mirasyň göz guwanjy – türkmen bedewi”, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Kerwen Ýowbasarowyň “Milli aýdym-saz sungatymyzda bedew atyň waspy”, taryh ylymlarynyň kandidaty Gurbangeldi Muhammedowyň “Baýtarnama” – at lukmançylygyna bagyşlanan kitap”, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri Mähri Ýapunowanyň “Magtymguly Pyragynyň dilewarlyk sungatynda behişdi bedewiň waspy” atly ylmy makalalary ýerleşdirildi. Şu rubrikada ýurdumyzyň belli alymlary, mugallymlary, alymlyk derejesine dalaşgärleri tarapyndan ýazylyp, redaksiýa hödürlenen: pedagogika ylmynyň taryhyna, sungata, milli terbiýä, ýurdumyzda ösýän möhüm dermanlyk ösümlikleriň ähmiýetine, ýaşlary hünäre ugrukdyrmagyň meselelerine bagyşlanan ylmy makalalara hem giň orun berildi.
Mekdebe çenli terbiýe we bilim şahsyýetiň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn kemala getirilmeginiň esasyny goýýar. Žurnalymyzyň “Mekdebe çenli terbiýe” atly rubrikasynda Gökdepe etrabyndaky 9-njy çagalar bagynyň müdiri Ogulbahar Kösäýewanyň “Çagalar baglarynyň işlerini guramagyň aýratynlyklary”, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 11-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Şirin Abaýewanyň ”Emeli aňy mekdebe çenli terbiýe edaralarynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri”, Gökdepe etrabynyň 18-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Sapargül Muhammetgulyýewanyň “Dünýä meşhur pedagog-mugallymlar” atly makalalary ýerleşdirildi. Olarda geljegimiz bolan ýaş nesliň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, okuwa höwesini artdyrmak, körpeleri mekdebe taýýarlamak babatda toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi, asylly sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hemme şertleriň döredilendigi aýdylýar. Bu makalalarda agzalan temalar boýunça öwretmegiň netijeli usullary beýan edilýär.
Taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halkymyz häzirki döwürde bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasy, milli gymmatlyklary bilen şöhratlanýar. Türkmeniň behişdi bedewlerine näderejede hormat goýýandygyny ýaş nesle çagalyk döwründen öwretmek bilim işgärleriniň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Aýsenem Gylyjowanyň “Çagalar baglarynyň orta bag toparlarynda öwrediji oýunlaryň guralyşy”, Aşgabat şäheriniň 56-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Maýagözel Muhyýewanyň “Körpelere milli gymmatlyklarymyzy öwretmek” atly makalalarynyň many-mazmuny çaganyň irki ösüş döwründen başlap, milli gymmatlyklarymyza söýgini kemala getirmek we ösdürmek maksadyndan ugur alýar we olarda körpe nesli ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty bilen çagalykdan tanyşdyrmagyň netijeli usullary beýan edilýär.
Žurnalymyzyň gyzykly we bezegli, indiki “Umumybilim berýän mekdep” atly rubrikasynda hem ahalteke bedewlerimiziň waspyna, ony ýaş nesliň aň aýlawyna ýetirmegiň usullaryna aýratyn üns berýän tejribeli mugallymlaryň, usulyýetçileriň makalalary ýerleşdirilendir. Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndaky 23-nji orta mekdebiniň mugallymy Öwez Orazmyradowyň “Rus dili sapaklarynda behişdi bedewlerimize söýgi döretmek”, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Şirin Hudaýkulowanyň “At hakynda pähimler”, Aşgabat şäheriniň 60-njy orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Ogulşat Allaýarowa bilen şol mekdebiň mugallymy Aýna Bakyýewanyň bilelikde taýýarlan “Okuwçylara at we atçylyk bilen baglanyşykly sözleri öwretmek” atly usuly makalalary-da behişdi bedewlerimiziň gymmatyny ýaş nesle öwretmek hakyndadyr. Şu rubrikada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň dosenti, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Döwletgeldi Kulyýew we awtordaşlykda şol institutyň mugallymy Döwlet Garaýew tarapyndan ýazylan “Mekdep matematikasynyň ylmylygyny ösdürmegiň bir usuly” we institutyň mugallymlary Nazira Halmyradowa bilen Dürdäne Myradowanyň bilelikde taýýarlan “Türkmenistanyň taryhy dersinde okuwçylaryň hronologiýa laýyklykda taryhy seneleri öwrenmek başarnyklaryny ösdürmek”, institutyň uly mugallymy Taýyr Mämmedowyň we mugallym Oguljan Taganowanyň “Sanly tehnologiýa arkaly himiki eksperimenti wizuallaşdyrmak”, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 32-nji orta mekdebiniň mugallymy Leýla Bazarowanyň “Türkmen dili sapaklarynda okatmagyň umumy we hususy usullaryndan utgaşdyryp peýdalanmagyň ähmiýeti”, etrabyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Gülşat Mätmyradowanyň “Alym hakynda bilýärsiňizmi?” atly ylmy-usuly makalalary-da ýerleşdirilendir.
Žurnalymyzyň täze sanynyň “Ýokary bilim” rubrikasynda berlen makalalarda Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy Serdar Şamyradowyň bedew baýramçylygyna bagyşlanylyp taýýarlanylan “Çeper edebiýatda bedew waspy”, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy Amantäç Akmämmedowanyň “Bedew batly ösüşleriň mekanynda”, şonuň ýaly-da halypa-şägitlik gatnaşyklaryna bagyşlanylan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Ogulşat Tagandurdyýewanyň “Halypa-şägirtlik gatnaşyklar ulgamynyň ösüşiniň pedagogik-psihologik şertleri”, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Şasenem Joraýewanyň “Ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň döwlet gullukçylarynyň hünärini kämilleşdirmegiň ähmiýeti” atly makalalary ýerleşdirilendir.
“BILIM” žurnaly