
Новости
1233

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Açyk gapylar güni geçirildi. Lukmançylyk uniwersitetiň profesor-mugallymlary ýokary okuw mekdepde taýýarlanylýan hünärler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Talyp durmuşynyň köp taraplydygyny görkezýän uniwersitetiň okuw-terbiýeçilik, ylmy, bejeriş hem-de medeni-köpçülik çärelerine aýratyn üns berildi.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen açyk gapylar güni, geljekki talyplar üçin möhüm bir waka bolup, bu ýerde olar lukmançylyk pudagynda öz maksatlaryna ýetmek üçin gymmatly maglumatlary aldylar.