Synaglaryň netijeliligi — bilimiň kämilligi
Jemleýji döwlet synaglary umumy orta bilim maksatnamalarynyň okuwçylar tarapyndan özleşdirilmeginiň netijelerini bahalandyrmak maksady bilen geçirilýär. Okuwçylaryň hünär taýýarlygynyň bilim maksatnamasyny özleşdiriş derejesini barlamak maksady bilen, hünär ugurly okuwlar boýunça jemleýji synaglar geçirilýär. Başlangyç we esasy orta bilim maksatnamalarynyň okuwçylar tarapyndan özleşdirilmeginiň netijelerini bahalandyrmak maksady bilen bolsa sepgit synaglary geçirilýär.
Synaglar okuwçylaryň dersler boýunça okuw maksatnamalaryndaky berlen temalary özleşdirişlerini, nazaryýetde öwrenenlerini amalyýetde ýerine ýetirişlerini seljermäge mümkinçilik berýär.
Synaglara taýýarlanmak, olary döwrebap guramak we talabalaýyk geçirmek meseleleri bütin okuw ýylynyň dowamynda mekdep ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň üns merkezinde bolmalydyr. Synaglara öňünden ykjam taýýarlyk görülmelidir. Orta mekdepde «Synaglar burçy» döredilmelidir.
Synaglar üçin zerur bolan ähli resminamalar wagtynda taýýarlanyp, gözden geçirilmelidir. Synaglara taýýarlyk döwründe mugallymlaryň okuwçylara synag geçirilýän dersleriň okuw maksatnamalaryndaky has çylşyrymly temalara degişli soraglara taýýarlanmak barada ugrukdyryjy maslahatlary zerurdyr.
Okuwçylarda synaglara taýýarlanmakda jogapkärçiligi ösdürmäge täsir edýän «Synaglara taýýarlanyň!», «Synaglara çenli 30 gün galdy!» ýaly ýazgylaryň mekdebiň dälizinde görnükli ýerde asylyp goýulmagy ýerliklidir.
Synag geçirilýän ýerde arassaçylyk düzgünleri we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine bildirilýän talaplar berjaý edilmelidir.
Synag döwründe mekdepde nobatçylyk talabalaýyk guralmalydyr. Okuwçylaryň, mekdebiň işgärleriniň tertip-düzgüni berjaý etmekleri üçin, görnükli ýerde «Ýuwaş! Synaglar geçirilýär!» ýaly ýazgynyň asylyp goýulmagy ýerliklidir.
Okuw otaglaryny synaglara taýýarlamak aýratyn ünsi talap edýär. Degişli kartalar, tablisalar, suratlar, ulanylmaly görkezme esbaplar synaglardan öň taýýarlanylyp, olary ulanar ýaly şertler döredilmelidir.
Synaglara taýýarlanylýan döwründe okuwçylara soragnama boýunça soraglara jogap bermegiň tertibi düşündirilmelidir. Okuwçy soragnamanyň soraglaryny üns bilen okamaly, soraglara jogaby sözme-söz ýazjak bolman, onuň gysgaça beýanyny ýazmaly. Zerur formulalary, maglumatlary, has zerur we esasy pikirleri ýazmaly, jogap bermek üçin zerur bolan görkezme esbaplary, serişdeleri peýdalanmagy başarmaly.
Synaglarda okuwçylaryň bilim derejesini kesgitlemekde we dogry bahalandyrmakda ugrukdyryjy, anyklaýjy soraglaryň ähmiýeti uludyr.
Okuwça soragnamadaky temany düşündirende, düşünjelere kesgitlemeleri berende, ylmy adalgalary ulananda säwlikler goýberse, soragnamanyň soraglaryna ýüzleý, gowşak jogap berse ugrukdyryjy, anyklaýjy soraglary berip bolar. Şol soraglar okuwçylar üçin düşnükli bolmalydyr. Soraglary usulyýet taýdan dogry goýmak iňňän möhümdir. Soraglar okuwçylaryň ýaş aýratynlygy göz öňünde tutulyp berilmelidir, olaryň pikirleniş işini ösdürmäge ýardam etmelidir. Okuwçylaryň jogaplary bahalandyrylanda synag alynýan dersleriň okuw maksatnamalaryndaky okuwçylaryň bilimlerine, başarnyklaryna we endiklerine berilýän baha ölçegleri ulanylyp bilner.
Synaglaryň hili, netijeliligi synagy geçirýän mugallymlaryň mugallymçylyk ussatlygyna hem baglydyr. Synaglar talabalaýyk geçirilip, okuwçylaryň jogaplary adalatly bahalandyrylmalydyr.
Synaglar okuwçylaryň öz gowşak taraplaryna takyk göz ýetirmäge, mundan beýläk has tutanýerli okamaklaryna kömek etmelidir. Ýokary bahalar bilen üstünlikli tabşyrylan synaglar okuwçylaryň alan bilimlerini has-da berkitmäge, olaryň dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam edýär. Okuwçylarda özüne bolan ynamlylygy, okuw derslerine bolan höwesini has-da artdyrýar.
Okuwçylaryň her birine berlen baha täsir edýär. Munuň özi tebigydyr, sebäbi baha köp wagtlap çekilen zähmetiň netijesiniň jemlenmesidir. Mugallymçylyk işinde okuwçylar üçin has ýokary sylagy onuň alýan bahasydyr. Okuwçylara goýulýan baha baradaky bu pikir köp derejede jemleýji döwlet, sepgit synaglarynda goýulýan bahalara hem degişlidir.
Mekdeplerde geçirilýän synaglaryň netijeleri esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Synaglaryň netijesinde mugallym öz işinde ulanan iş usullarynyň, tärleriniň, serişdeleriniň nähili netije berenligine göz ýetirýär, gazanan üstünlikleri, goýberen säwlikleri barada oýlanyp, degişli netije çykarmaga mümkinçilik tapýar.
Synaglaryň netijesi boýunça okuw-terbiýeçilik işleri bütin okuw ýylynyň dowamynda alnyp barylmalydyr, synaglar geçirilenden soň, diňe pedagogik geňeşde olaryň netijeleri barada aýdyp geçmek bilen çäklenilmeli däldir.
Täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda geçirilýän pedagogik geňeşde synaglaryň netijesi boýunça okatmagy kämilleşdirmek we okuwçylaryň biliminiň hilini ýokarlandyrmak barada düýpli hem-de köptaraplaýyn gürrüň edilmelidir. Synaglarda ýüze çykan kemçilikleri aradan aýyrmak işine mugallymlaryň hemmesi çekilmelidir. Geçirilen synaglaryň netijelerini hasaba alyp, okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmek üçin dürli dersleriň mugallymlarynyň, şol sanda synag geçirilmedik dersleriň hem mugallymlarynyň pikirlerini bilmek we hasaba almak zerurdyr. Bu geňeşde okuwçylaryň ýazuw işlerinde, dilden beren jogaplarynda goýberilen kemçilikler ara alnyp maslahatlaşylmalydyr.
Dersler boýunça usuly birleşmeleriň ýygnaklarynda hem synaglaryň netijesi ara alnyp maslahatlaşylmalydyr. Mysal üçin, algebra we analiziň başlangyçlary boýunça ýazuwdan geçirilen jemleýji döwlet synagynyň netijelerine seredilende matematiki we amaly meseleleri çözmek üçin formulalaryň, deňlemeleriň we deňsizlikleriň ulanylyşy, kesgitlemelere, aksiomalara we teoremalara esaslanyp, tassyklamalaryň subut edilişi, algebraik we trigonometrik aňlatmalaryň toždestwolaýyn özgerdilişi, önümi ulanmak bilen funksiýalaryň derňelişi, olaryň grafikleriniň gurluşy, integralyň kömegi bilen figuralaryň meýdanlarynyň hasaplanylyşy ara alnyp maslahatlaşylmalydyr.
Şeýle soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy okuwçylara matematikadan ýazuw işleri ýerine ýetirmegi öwretmek boýunça okuw ýylynda geçirilmeli işler üçin esas bolup hyzmat edýär.
Döwlet umumybilim edaralarynyň ähli görnüşlerinde geçirilýän synaglaryň we olaryň netijeleriniň okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmekde uly ähmiýetiniň bardygy ikuçsuzdyr.
Gündogdy ŞADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent.



















