Tehnologiýalar we sanly ulgam
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda öňegidişlikler gazanylýar, beýik maksatlar, oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzda ylym, bilim öwrenmek ýörelgesi barha rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy ugurlaryň biri mekdep okuwçylarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň ýokary we halkara derejesinde bilim almaklaryna giň mümkinçiligiň döredilmegidir. Häzirki wagtda dünýäde ylym we bilim ulgamy uly sepgitlere ýetdi. Şol bir wagtyň özünde ylmy tehnologiýalar barha çalt depginler bilen ösmegini dowam edýär. Bu bolsa biziň ýaşlarymyzyň öňünde okamagy we öwrenmegi has-da güýçlendirmegi uly wezipe edip goýýar.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmaga, tejribe-synag işlerini maliýeleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ylym-bilim ulgamy pudaklar we telekeçilik işi bilen sazlaşykly gatnaşykda goýlup, ýokary tehnologiýaly önümçilik guralýar. Munuň özi ýurdumyzy durnukly ösdürmäge esas bolýar. Hut şu jähetden, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly önümçiligi dolandyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak işini bilim maksatnamasynyň esasynda goýýar.
Ýaşlarymyz üçin iň gerekli hem-de zerur öwrenmeli ugurlaryň biri-de häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmakdyr. Häzirki zaman bilim ulgamyny sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Şu nukdaýnazardan, talyplaryň tebigy bilimlerini ösdürmäge, sanly tehnologiýalara düşünmeklerini gazanmaga giň mümkinçilikler döredilýär.
Sanly tehnologiýalara düşünmegiň ilkinji basgançagy kompýuter tilsimatlaryny bilmekden başlanýar. Kompýuter torlarynyň we maglumatlarynyň goraglylygyny üpjün etmekde esasy we wajyp ugurlaryň biri-de onuň maglumatlarynyň we enjamlarynyň dogry saklanylyşydyr. Hatardan çykan kompýuter enjamlaryny çalşyp bolar, emma maglumatlaryň ätiýaçlyk göçürmesi bolmasa, kompýuter toruny öňküsi ýaly işledip bolmaz.
Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen häzirki ajaýyp döwürde ýaş neslimiziň kompýuterlerde işlemegi öwrenmek meselesi çagalar baglaryndan, mekdeplerden başlanýar. Her ýyl ak mekdeplere ilkinji gezek gadam basýan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň,
Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap kompýuter serişdelerini peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär.
Häzirki wagtda ata Watanymyzda ylym-bilim ulgamynda dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary okuw mekdeplerimiziň mümkinçilikleri barha ýokarlanýar. Olar täze binalar, häzirki zaman tehnologiýalary, okuw serişdeleri we enjamlary bilen doly üpjün edilýär.
Jeren ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.



















